Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
Syýasy habarlar
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
Çap edildi 20.11.2026
5

Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Arzuw ganatlary” atly dabara geçirildi.

Çagalar döwletimiziň hemişe üns merkezindedir. Gadymdan gelýän ynsanperwerlik we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Garaşsyz Watanymyzda ata-enesiniň howandarlygyndan mahrum bolan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalýar. Olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, bagtyýar geljegini üpjün etmek üçin döwlet derejesinde tagalla edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan näsag çagalara uly goldaw berilýär. Bu gazna 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Haýyr-sahawat gaznasy näsag çagalara dürli lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalara lukmançylyk kömegini bermek hem-de olaryň saglygyny dikeltmek, zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin yzygiderli serişdeleri bölüp berýär.

Häzirki wagtda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara ynsanperwerlik ulgamynda alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän haýyr-sahawat däplerine, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara kömek we goldaw berýär. Bu gazna bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

...Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, dostlugy, wepalylygy we arzuwlaryň hasyl bolmagyny alamatlandyrýan, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän bu dabaranyň haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Soňra O.Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň we onuň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen geçirilýän çärä daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny nazara alyp, çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi.

“Şu günki çärä gatnaşýandygyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu şanly günde — Bütindünýä çagalar gününde ähli çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek işine umumy ygrarlylygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak üçin bir ýere jemlendik. Haýyr-sahawat gaznasy hökmünde biz ösüp gelýän ýaş nesliň beden, intellektual, durmuş abadançylygyna işjeň ýardam etmek üçin ýerli guramalar hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Biz dogry iýmitlenme bolmasa, doly derejeli sagdynlygy üpjün edip bolmaýandygyny, berk jan saglyk bolmasa, ýokary hilli bilim berip bolmaýandygyny nazara almak bilen, her bir çaganyň ýagdaýyna toplumlaýyn çemeleşýäris. Bu düşünjeler özara baglanyşykly bolup, hemmetaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Biz çagalaryň sagdyn we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de bilimleri çekmäge çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji dekabrda döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris” diýip, O.Atabaýewa nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, bu abraýly guramany şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň ýolbaşçylaryna, işgärlerine, meýletinçilerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

“80 ýylyň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasy asylly işleri alyp bardy we bu gün ÝUNISEF goldaw bermegiň hem-de asylly işlere wepalylygyň nyşany bolup durýar. Baýramyňyz gutly bolsun!” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy.

O.Atabaýewa ÝUNISEF bilen geçirilýän çäreler barada aýdyp, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça bilelikdäki çäre barada aýratyn belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, bu çäre köp enelere hem-de maşgalalara çaganyň ömrüniň ilkinji gününden başlap oňa sagdyn badalga bermegiň möhümdigine düşünmäge ýardam etdi. “Hakykatdan-da, çaganyň ömrüniň ilkinji ýyllary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ömrüniň iň irki döwründen çaganyň saglygyna we ösüşine maýa goýum biziň milletimiziň abadançylygyna goşup biljek iň saldamly goşantlarymyzyň biridir.

Elbetde, çaganyň önüp-ösýän maşgala ýagdaýy hem örän wajypdyr. Biziň ÝUNISEF bilen bilelikdäki ene-atalygy goldamak boýunça çärämiz çagany terbiýelemek ulgamynda ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle-de biz bu gurama bilen bilelikde her bir çaganyň öz deň-duşlary bilen deňlikde okamaga, oýnamaga, önüp-ösmäge mümkinçiligini üpjün etmek üçin inklýuziw bilimi ilerletmek ugrunda işleýäris. Biziň haýyr-sahawat gaznamyzyň esaslandyryjysy hem-de prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalar milletiň geljegi we iň uly baýlygydyr. Çagalaryň saglygy, abadançylygy, hemmetaraplaýyn ösüşi biziň umumy gün tertibimiziň aýrylmaz bölegi bolmalydyr” diýip, gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi.

O.Atabaýewa çagalaryň hukuklaryny goramagyň, olaryň durmuş taýdan goldawyny üpjün etmegiň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we jemgyýete işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmegiň möhüm ähmiýetini belläp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. “Çünki çagalaryň bähbidine gönükdirilen her bir başlangyç, her bir haýyrly iş we her bir bilelikdäki tagalla olaryň geljegine goýulýan gymmatly maýa goýumdyr” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy hem-de şu dabaranyň diňe bir ýatdan çykmajak baýramçylyk pursatlaryna däl, eýsem, dostlugyň, ynsanperwerligiň, özara düşünişmegiň, ýagşy arzuwlaryň dabaralanýan gününe hem öwrüljekdigini nygtady.

O.Atabaýewa dabara gatnaşýan çagalara ýüzlenip, olaryň her biriniň ýüreginde göterýän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny, ýüzleriniň hemişe şatlykdan gülüp durmagyny, durmuş ýollarynyň ýagty we röwşen bolmagyny, her bir gününiň täze açyşlara, şatlykly pursatlara, ýatdan çykmajak üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Gaznanyň wise-prezidenti bu çäräniň her bir çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagy üçin hemmeleriň bilelikde tagalla etmeginiň zerurdygyny aňladýan ajaýyp wakalaryň biri boljakdygyna ynam bildirip, dabara gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, dünýämiziň ýagty geljegi üçin edýän ähli tagallalarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çykyşynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli şu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu çäräni geçirýändikleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasyna hoşallyk bildirdi.

“Türkmenlerde “Bal süýji, baldan-da bala süýji” diýen parasatly nakyl bar. Ähli döwürlerde, ähli medeniýetlerde çagalar hemişe geljege bolan umydy alamatlandyrýar. Biziň çagalar baradaky aladamyz şu günki günümize berýän bahamyzy, geljekde haýsy jemgyýeti gurmaga çalyşýandygymyzy görkezýär. Her bir çaga goldanylmaga, abadan durmuşda ýaşamak üçin mümkinçilik almaga mynasypdyr. Munuň özi dabaranyň “Arzuw ganatlary” diýen adynda hem öz beýanyny tapýar. Bu bize çagalygyň arzuw-hyýallaryň, açyşlaryň we mümkinçilikleriň döwrüdigini ýatladýar. Her bir çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagy üçin mümkinçilikleri hem-de şertleri döretmek biziň umumy jogapkärçiligimizdir.

Şu ýyl Türkmenistanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýär. Ganatly bedewler kimin, çagalar hem maksada okgunlylygy alamatlandyrýar. Olar Türkmenistanyň diňe bir geljegi bolman, eýsem, şu günki ösüşiniň hem işjeň gatnaşyjylarydyr” diýip, BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy sözüni dowam etdi we çagalara maýa goýumyň islendik jemgyýetiň edip biljek iň möhüm maýa goýumlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Sýaoszýun Greýs Wan BMG bilen Türkmenistanyň durnukly ösüş ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygy barada-da durup geçdi. “Biz Türkmenistanyň çagalary goramak ulgamyny pugtalandyrmak, olaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalaryna ýokary baha berýäris. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynda ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Bütindünýä çagalar güni gutly bolsun!” diýip, BMG-niň wekili sözüni jemledi.

Soňra çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna söz berildi.

ÝUNISEF-niň wekili şu ýyl Bütindünýä çagalar gününiň “Meniň günüm, meniň hukuklarym, meniň geljegim” atly ählumumy çäräniň howandarlygynda geçýändigini we dünýäde adam hukuklary ulgamynda iň giňden tassyklanylan Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň döredilmeginiň şanly senesini dabaralandyrýandygyny belledi. Türkmenistan bu Konwensiýa 1993-nji ýylda goşuldy.

Jalpa Ratna çagalaryň hukuklarynyň hökmany ykrar edilmelidigini, olaryň goragynyň bolsa maşgaladan, ene-atalardan başlanýandygyny nygtady. ÝUNISEF-niň wekili öz çagalarynyň esasy terbiýeçileri hökmünde ene-atalara ýüzlenip, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri bilen bilelikde Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde ene-atalary goldamak boýunça synag toparlarynyň üstünlikli ýola goýlandygyny, bu toparlaryň ozal hereket edýän durmuş hyzmatlarynyň aýrylmaz bölegi boljakdygyny aýtdy. Jalpa Ratna maşgalalary goldamak boýunça anyk gurallar barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleri bilen bilelikde “Çaganyň saglygy” atly ykjam goşundynyň işlenip taýýarlanylýandygyny habar berdi.

Çykyşynyň ahyrynda ÝUNISEF-niň wekili ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ene-atalyk we mümkinçiligi çäkli çagalar üçin inklýuziw gurşawy döretmek meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra dabara gatnaşyjylar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Tomaşa “Akja kepderi” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Sirk sungatynda her bir çykyş zehiniň, ussatlygyň özboluşly sazlaşygy bolup, olaryň her biriniň öz many-mazmuny bar. Ak kepderi parahatçylygyň nyşany bolup, onuň keşbi adamlary agzybirlige, asuda we abadan durmuşa çagyrýar. Sirk sungatyň aýratyn görnüşi bolmak bilen, ähli ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr. Onda ýerine ýetirilýän çykyşlar batyrgaýlygy, çeýeligi, gözelligi, zehini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda sirk sungaty täze ösüşe eýe bolýar.

Ýeri gelende bellesek, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredildi. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” topary milli medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda we şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini artdyrýar. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Soňra dabara gatnaşyjylar “Arzuw ganatlary” atly dabara mynasybetli ýörite gurnalan pawilýonlary synladylar.

“Arzuw ganatlary: her bir çaga üns merkezinde” atly we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň pawilýonlary ösüp gelýän nesli goldamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary aýdyň beýan edýär.

Maşgala, bilime, ýaş zehinleriň ösüşine bagyşlanan “Maşgala meýdançasy”, “Ýaşyl” mekdepler”, “Çagalar we ekologiýa medeniýeti”, “Döredijilik çagalary” atly pawilýonlar dabara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Olarda ýerleşdirilen diwarlyklar çagalary terbiýelemäge, olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen toplumlaýyn çemeleşmäni özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan we ýaşlaryň şäheri diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde geçirilen “Arzuw ganatlary” atly dabara ýatda galyjy wakalara, täsirli pursatlara baý boldy.

Şeýlelikde, bu dabara Türkmenistanyň we onuň halkara hyzmatdaşlarynyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklaryny goramak, her bir çaganyň sazlaşykly ösüşi üçin amatly şertleri döretmek işine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Bu baýramçylyk çäresi döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň tagallalaryny birleşdirip, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň esasy baýlygy bolan ýaş raýatlaryň bagtyýar çagalygy, abadan geljegi baradaky aladanyň umumy jogapkärçiligimizdigini görkezdi.

Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
20.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
20.11
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
19.11
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
top-arrow