Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
Çap edildi 17.09.2024
2583

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. 

«Ykdysadyýet biziň gatnaşyklarymyzyň öňbaşçysy bolmalydyr, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmelidir» – diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ösmäge we giňelmäge oňat mümkinçilikleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ulag we logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 

Bu gün bize häzirki döwrüň talaplaryna we isleglerine esaslanýan bilelikdäki işewürligi ýöretmegiň täze usullaryna geçmek zerur bolup durýar. Şunda intellektiň, öňdebaryjy menejmentiň adam serişdesini ulanmagyň orny ýokarlanýar. Bilimli, sosial taýdan ýaş nesle eýe bolan Merkezi Aziýa sebiti bu serişdelere baýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, biziň sebitimiziň ýurtlarynyň çäklerinde bilelikdäki önümçilikleriň, hyzmat ediş we trening merkezleriniň işini ýola goýmagyň, ýokary hünärli hünärmenleriň okuwlaryny guramagyň geljegi uly hasaplanylýar. 

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi barada aýdyp, Aziýany we Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşýändigi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografiýa babatdaky uly mümkinçiligi Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi hem-de halkara işewürligi ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar diýip nygtady.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow