Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 24.09.2024
1469

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary belent hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljamal Öwezberdiýewna Annamyradowany,

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Nyýazsoltan Artykowany,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Oguljeren Günnäýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Nurtäç Nyýazdurdyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy Arazbibi Kulyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Senem Abytowna Möwliýewany,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gadyrýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbibi Aşyrowany.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Soňky habarlar
11.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
11.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowа
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.H.AGAHANOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.W.AKMÄMMEDOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.ANNADURDYÝEW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany SAPBAÝEW D.I. hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.ÇAKYÝEW hakynda
top-arrow