Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy
Syýasy habarlar
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy
Çap edildi 10.10.2024
1232

Şu gün Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.

Bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki gyrasynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglanjyk we gyzjagaz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha duz-çörek hödürlediler, gül dessesini gowşurdylar.

Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli taryhy duşuşyk ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, häzirki zaman türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň senenamasynda möhüm sahypany açar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşarlar hem-de iki ýurduň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini, gazananlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlärler. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge, türkmen hem mongol halklarynyň özara düşünişmegine, jebisleşmegine ýardam berýän däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň gün tertibine girizilen meseleler Türkmenistanyň we Mongoliýanyň netijeli dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini subut eder. Şunda iki ýurt hem deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler, olary milli ykdysadyýetleri çalt depginler bilen ösdürmek, halklarynyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýaly maksatlar birleşdirýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejeli türkmen-mongol gepleşikleriniň netijeleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. Bu resminamalar iki tarapyň hem milli bähbitlerini, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň binýadyny goýar. Mongoliýanyň Prezidenti ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Belent mertebeli myhman üçin türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşlygy öz içine alýan giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Soňky habarlar
14.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
14.01
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
14.01
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow