Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Çap edildi 22.04.2026
35

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa, biziň pikirimizçe, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň möhüm meselelerini we olar bilen bagly durmuş ugurly meseleleri çözmekde has täsirli, ulgamlaýyn, geljegi uly çemeleşmelere geçmäge ähli gatnaşyjy döwletleriň taýýardygynyň aýdyň görkezijisidir. Türkmenistan şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edip, ony ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki ähmiýetli ugurlary, şeýle hem ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.

Häzirki wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolýarys. Şeýle şertlerde döwletlerimiziň tagallalarynyň birleşdirilmegi, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit merkezleriniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar.

Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär. Bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarys.

Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmegini aýratyn belleýäris. Şeýle-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmek uly ähmiýete eýedir. Ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meselelerinde sebit dialogyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da, öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy we kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şol duşuşyklarda hem-de maslahatlarda anyk teklipleri durmuşa geçirmegiň umumy garaýyşlarydyr çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylan ýagdaýynda, diňe özara ylalaşyk gazanylandan we degişli resminamalar doly ylalaşylandan soňra ministrler derejesindäki maslahatlary çagyrmagy hem-de bu meseleleri sammitleriň gün tertibine girizmegi teklip edýäris.

Serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesi aýratyn ünsi talap edýär. Bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýşy aýdyň hem açykdyr. Biz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň aşakdaky üç esasy ýörelgäniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris:

birinjiden, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň we beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi;

ikinjiden, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy;

üçünjiden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işe giňden gatnaşmagy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär.

Biz Birleşen Milletler Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş etdik, ony durmuşa geçirmegiň Konsepsiýasyny taýýarladyk we ähli Hazarýaka döwletlere iberdik. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan geçen ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kenarýaka döwletleriň wise-premýerleriniň derejesinde Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça maslahaty gurady. Şu tejribäni dowam edip, şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda biz nobatdaky ýokary derejeli duşuşygy geçireris. Onuň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygy we Hazar deňzini hem-de onuň özboluşly tebigatyny gorap saklamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarys diýip umyt edýäris.

Aral deňzini halas etmek meselesi hem möhüm bolmagynda galýar. Şu gün Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Onda Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanýaryn.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Sebitleýin ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz, ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün biz öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris.

Sözümiň ahyrynda hemmeleri Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn, netijeli pikir alyşmalary arzuw edýärin.

(Astana şäheri, 2026-njy ýylyň 22-nji apreli)

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow