Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 03.11.2024
2301

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär.

Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary we beýleki binalardyr desgalar guruldy. Şeýle hem olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň ýokary derejä göterilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Gözelligi bilen haýrana galdyrýan Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik pikirleri esasynda sanlyja ýylyň içinde kemala geldi. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Beýleki sebitlerimiz bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbi hem barha özgerýär, paýtagtymyzy ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Gadyrly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Himiýa senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy we olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döredýär hem-de olaryň daşary ýurtlara eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa himiýa senagatynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berer.

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Häzirki döwürde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi şäherlerimizi we obalarymyzy elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Nobatdaky serginiň we maslahatyň hem türkmen hünärmenlerimiz bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow