Baş sahypa
\
Sport
\
Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty
Sport
Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty
Çap edildi 18.01.2017
2614

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegine bagyşlanylan metbugat maslahaty boldy. Maslahata Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, türkmen žurnalistleri we halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça daşary ýurt hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrýan möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk ägirt uly sport desgasy türkmenistanlylar, ozaly bilen bolsa ýaşlar üçin özboluşly miras bolup galar diýip bellenildi. Onuň meýdançalarynda V Aziýa oýunlary geçiriler.Geljekde bu sport desgalarynda has iri ýaryşlary, mysal üçin Olimpiýa oýunlaryny guramak mümkin bolar. Sport toplumynyň desgalarynyň köpüsi – ýeňil atletika boýunça desga, welotrek we beýlekiler eýýäm birinji derejeli halkara şahadatnamalara mynasyp boldular, bu resminamalar Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda dünýä we yklym derejeli islendik ýaryşlary guramaga ygtyýar berýär. “Trivandi Chanzo Limited” kompaniýasynyň direktory Mik Raýt hem döwlet Baştutanymyza Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Onuň pikiriçe Olimpiýa şäherjiginde dürli ýaryşlaryň geçirilmeginiň netijeleri sport desgalarynyň gurluşygynda tomaşaçylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ähli zerur amatly şertleriň döredilendigini görkezdi. Jenap Mik Raýtyň iri halkara toplumlaýyn sport çärelerini guramakda uly tejribesi bardyr. Olaryň biri Londonda geçirilen Olimpiada-2012-dir. Şu gezekki metbugat maslahatynda çykyş edip, ol iri möçberli ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi üçin şu ugurlara: sport desgalarynyň içgin taslamalaşdyrylmagyna, ýaryşlara taýýarlyk görmegiň barşynda ähli kompaniýalaryň we guramalaryň utgaşykly işlemeklerine, meýletinçiler hem-de sport hünärmenleri üçin synaglaryň hem-de okuwlaryň geçirilmegini yzygiderli ýola goýulmagyna aýratyn üns bermelidigini belledi. Bu bolsa sentýabr aýynda geçiriljek toplumlaýyn bäsleşikleriň ýokary derejede guraljakdygyna ynam döredýär. Ýaz paslynda Olimpiýa şäherjiginde nobatdaky synag ýaryşlary hökmünde kikboksing, suwda ýüzmek we agyr atletika boýunça iri halkara ýaryşlary geçiriler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow