Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
Jemgyýet
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
Çap edildi 01.01.2025
2713

Şu gün Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, olara döwrebap bilim almak mümkinçiligini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň aýratyn hemaýata mätäç ýaş raýatlaryna yzygiderli üns berilýär. Bu işde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleri bar. Häzirki wagtda şol ýörelgeler howandarlyga mätäç çagalara durmuş goldawyny bermäge hem-de olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen hukuk kepillendirmelerinde öz beýanyny tapýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň halkymyzyň çagalary hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýar. “Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany arzuwlaryň hasyl bolýan mekany, bagtyýar çagalygyň ýurdy diýip atlandyrmak bolar.

...Ine, bu gün hem Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbaba, Garpamyk we 2025-nji ýylyň nyşany garşyladylar. Dabara Mejlisiň, Halk Maslahatynyň hem-de degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli aladalary bilen beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde çagalar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi — “Joşgun” tans topary hem bar.

Bu gün hem çagalar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Dürli yşyklar bilen ýalkym saçýan arçanyň ýanynda olar goşgy aýtdylar, tans etdiler hem-de mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, Täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Ýaşajyk zehinler Aýazbaba, Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary bilen el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlanyp, çykyşlaryny tamamladylar.

Soňra çagalara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem olaryň döwrebap bilim almaklary üçin interaktiw okuw esbaplary gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleri barada edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
top-arrow