Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 11.11.2026
53

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) bilelikde guramagynda «Howa baradaky maglumatlardan tehnologiýalara: Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek» atly mowzuklaýyn mejlis geçirildi.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerini dünýä ýaýmak, Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwalarynyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi. Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň strategik başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa syýasatynyň Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygy nygtaldy. Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bütin adamzadyň öňünde duran möhüm ekologik meseleleriň biridir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak we kabul edilen halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek aýratyn ähmiýete eýe. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alyp barýan döwlet syýasaty durnukly ösüşiň, ekologik howpsuzlygyň, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň wajyp ugurlary bilen berk baglanyşyklydyr.

2015-nji ýylda kabul edilen Pariž ylalaşygy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretdi. Ylalaşygyň çäklerinde göz öňünde tutulan Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasy (Enhanced Transparency Framework) döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri, gazanylan netijeleri we ýerine ýetirýän borçnamalary barada açyk, deňeşdirip bolýan hem-de ygtybarly maglumatlary hödürlemegini göz öňünde tutýar. Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselesini milli ösüş strategiýalaryna we döwlet maksatnamalaryna utgaşdyrmak arkaly bu ugurda zerur işleri alyp barýar.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy boýunça Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanyldy. Onda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şu ugurda Türkmenistanyň mümkinçiliklerini giňeltmekde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO), Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEF) goldawy bilen amala aşyrylýan «Pariž ylalaşygyna laýyklykda Türkmenistanyň Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» taslamasynyň ähmiýeti uludyr. Taslamanyň esasy maksady milli edaralaryň guramaçylyk we tehniki mümkinçiliklerini ösdürmekden, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň sanawyny taýýarlamakdan, howanyň üýtgemegine garşy görülýän çäreleriň netijelerine gözegçilik etmekden, degişli maglumatlary dolandyrmagyň kämil ulgamyny ösdürmekden ybaratdyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary, ylmy-barlag merkezleri we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşýar.

2026-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň dördünji Milli maglumatnamasynyň (NC4) jemleýji görnüşi hödürlenildi. Bu resminamada parnik gazlarynyň zyňyndylary, olary azaltmak boýunça çäreler, geljekki çaklamalar, maliýe hem-de tehniki goldawa bolan zerurlyklar baradaky maglumatlar öz beýanyny tapdy.

Çykyş edenler ilkinji howa maglumatlaryny ulgamlaşdyrylan esasda toplamakdan innowasion tehnologik çözgütleri ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmegiň parnik gazlarynyň durnukly milli hasaba alyş ulgamyny emele getirmek we uýgunlaşdyryş çärelerine yzygiderli gözegçilik etmek üçin binýatlyk şert bolup çykyş edýändigini bellediler. Halkara hünärmenler, FAO-nyň wekilleri Türkmenistanda agrometeorologik gözegçiligi döwrebaplaşdyrmak, maglumat toplamak boýunça sanly platformalary ösdürmek, oba hojalyk toplumynda suw we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan ulgamlaýyn işlere ýokary baha berdiler.

Hünärmenleriň çykyşlarynda degişli edaralaryň institusional, tehniki kuwwatyny berkitmäge, milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tebigy serişdeleriň ýagdaýyna takyk baha bermek üçin emeli hemra arkaly zondirlemäni integrasiýalaşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň we FAO-nyň bilelikdäki taslamalarynyň ähmiýeti giňişleýin beýan edildi. Mejlisiň çäklerinde oba hojalyk pudagynda we ýer ulanylyşynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunda çäkli suw hem-de toprak serişdelerini rejeli dolandyrmagyň sebitiň azyk durnuklylygyny üpjün etmekde esasy orny eýeleýändigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar “COP31” maslahatynyň meýdançasynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ähmiýetini bellediler. Ol dünýä bileleşigine ýurdumyzyň «ýaşyl» gurluşyk, giň gerimli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa önümçilik klasterleri döretmek babatda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär.

Çykyşlarda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasy mehanizmlerini üstünlikli ornaşdyrmagyň diňe bir BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň öňünde iki ýyllyk hasabatlary ýokary hilli we öz wagtynda taýýarlamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara maliýe serişdelerini çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak üçin hem täze geljegi uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Wekiller mowzuklaýyn mejlisiň netijelerini jemläp, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky netijeli dialogyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we Merkezi Aziýada howa durnuklylygyny berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar tebigaty goramak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan başlangyçlary amala aşyrmaga, geljek nesilleriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow