Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
Jemgyýet
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
Çap edildi 15.01.2025
1013

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň giňden ykrar edilýändigini, şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýä derejesindäki hem-de Türkmenistanyň milli şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Ýylyň şygarynyň mazmunyna görä öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz mejlisde guramaçylyk meselelerine seredip, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzmek barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirip, onuň iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady.

Çykyşlarda 14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýeti dogrusynda pikir alşandygyna aýratyn üns çekildi. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryna taýýarlanylan degişli Konsepsiýanyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Antoniu Guterriş ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.

Soňra maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda iş alyp barýan düzümleriniň ýolbaşçylaryna söz berildi. Olaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, dawalaryň öňüni almagy güýçlendirmek ugrunda BMG-niň Tertipnamasynda, guramanyň ýakynda kabul edilen “Geljegiň hatyrasyna paktynda” hem-de beýleki resminamalarda beýan edilen kadalaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da ilerledilmegine şert döreder. Diplomatlar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanşandyklaryny aýdyp, bu resminamada ýurduň häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlarynyň beýan edilýändigini, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada bitarap garaýyşlarynyň öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar.

BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary ýurdumyza wekilçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan gatnaşyklaryň oňyn netijelere eýe bolýandygyna ünsi çekip, Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Garaşsyz Türkmenistanda işlemäge döredilen mümkinçiliklerdir şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan sergi guraldy hem-de institutyň talyplary tarapyndan ýörite taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
16.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
15.02
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow