Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
Jemgyýet
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
Çap edildi 01.03.2025
2270

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

Oňa bäsleşigiň welaýatlarda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanmagy başaran gelin-gyzlar gatnaşdylar we 8 ugur boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksadydyr.

Bäsleşik çekeleşikli geçirilip, ol gyzykly pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry hem üstünlikli geçirildi. Onuň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä:

– «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa «Ýylyň işewür zenany»;

– «Berkarar döwletimizde el hünärini dikelýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa «Ýylyň çeper elli zenany»;

– «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gurjak» halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

– «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa «Ýylyň mährem zenany»;

– «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa «Ýylyň Watançy zenany»;

– «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Daýhan zenanyň yhlasy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;

– «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany»;

– «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa «Ýylyň halypa zenany» diýlip yglan edildiler.

Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Soňky habarlar
05.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.11
Awazada halkara forum geçirilýär
03.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
top-arrow