Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 10.03.2025
2984

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Hemişe bolşy ýaly, neşir döwrüň möhüm wakalaryna ýaşlaryň sesi bolup seslenýär.

Neşiriň täze sany ajaýyp döwrümize bolan buýsanja ýugrulan şygyr bilen açylýar. «Türkmen halkynyň milli buýsanjy» atly rus dilindäki makalada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen sirk sungatynyň halkara festiwalynda gazanan üstünligi beýan edilýär.

«Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň diplomatiýasy» atly makalada awtor 18-nji fewralda bellenilen Diplomatiýa işgärleriniň gününiň ähmiýetine ünsi çekipdir. 

Milli parlamentimiz tarapyndan ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk namalary baradaky söhbet «Bilim ulgamy ― döwlet býujetiniň möhüm düzüm bölegi» atly makalada öz beýanyny tapýar. «Ýaşlar ― Watanyň şu güni hem geljegi» atly maklanyň awtory nesil terbiýesiniň milli jemgyýetimizdäki ornuna aýratyn ünsi çekýär. Şol sahypalarda ýerleşdirilen başga bir makalada bolsa milli hukuk ulgamynyň sanly mümkinçilikleri barada gürrüň berilýär.

«Ýaş energetikleri taýýarlamakda möhüm ädimler» atly makala arkaly okyjylary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda häzirki günlerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp bilerler. Şol sahypalarda ýerleşdirilen «Inžener pedagogikasy ― ussat inženerleriň kämillik mekdebi» atly makalada hem gozgalýan mesele barada gyzykly gürrüň berilýär. 

Neşiriň şu sanyndaky täsirli makalalaryň birinde edara-kärhanalar üçin niýetlenen «Işgärler» atly web saýty barada gyzykly maglumatlar bar. Bellenilişi ýaly, bu sahypa islendik edara üçin bähbitli bolup biler.

Neşiriň täze sanynda iňlis dilindäki ilkinji makala Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanypdyr. «Bilbil sesli zenan» atly makalada bolsa Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa barada gürrüň berilýär.

Okyjylar ýaşlar neşiriniň täze sanyndan «Gorkut ata» eposynyň Berlin nusgasy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň orny (iňlis dilinde), türkmen bitaraplygynyň aýratynlyklary (rus dilinde), taryhy şahsyýetlerimiz baradaky gyzykly makalalary hem okap bilerler. Şanly taryhymyz baradaky söhbet «Geçmişden nur saçýan göwherler Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde aýdyň şöhlelenýär» atly makalada hem dowam etdirilýär.

Neşiriň däbe öwrülen «Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly makalalar tapgyrynda bu gezek kiberhüjümlerden goranmagyň täze ýollaryny salgy berýän, awtoulagyň hereketlendirijisinde ýangyjy tygşytlamagyň ýoluny kesgitlän we doňaklygy çözüji täze serişdäni oýlap tapan ýaş alymlaryň alyp baran işleri barada gürrüň berilýär. «Nesil terbiýesini dabaralandyran şahyr» atly makalada Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginden söhbet açylýar.

Neşiriň täze sanynda rus dilindäki çeper oýlanma hem paýlaşylýar. «Görki, erki bilen äleme dolan» atly makalada Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hezreti Ýusubyň edebi keşbi barada gürrüň berilýär. «Pürli agaçlara zyýan beriji mör-möjekler: olary kesgitlemekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly makala hem täsirli maglumatlara baý.

«Bezege öwrülen balyklar» atly makalanyň gelin-gyzlarda aýratyn gyzyklanma döretjekdigine ynanýarys. Çünki onda balykçylyk bilen bagly milli nagyşlarymyz barada gyzykly gürrüň berilýär. Şol sahypalarda «Ýaşlyk ― ömrüň hemrasy» atly täsirli hekaýany hem okap bilersiňiz.

Däp bolşy ýaly, ýaşlar neşiriniň täze sanynda hem täsirli şygyrlaryň birnäçesi ýerleşdirilipdir. «Päk söýginiň dergähine» atly oýlanma okyjylary duýguly dnüýäniň jümmüşine alyp gidýär.

Neşir Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan bölekleri bermegi hem dowam etdirýär. Ahyrky sahypalarda ýerleşdirilen krossword bilen mart aýynyň täleýnamasy hem okyjylary özüne çeker. Neşiriň ahyrky sahypalaryndan bolsa «Ertir bahar gelýär» atly şahyrana ýazgyny, dil öwrenmegiň döwrebap usullary barada iňlis dilindäki makalany, «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumaty we otaglara bezeg berýän tropik ösümlikler baradaky maglumatlary okap bilersiňiz.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow