Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen telekeçileri – ýurduň altyn gaznasy
Ykdysadyýet
Türkmen telekeçileri – ýurduň altyn gaznasy
Çap edildi 15.03.2025
2991

Şu ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen 17 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çäreleri guralar. Bu giň gerimli sergide 2025-nji ýylda öndürilen täze önümlere we ýola goýlan hyzmatlara hem uly orun berler.

Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem geçiriler.

Döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde guwandyryjy netijeleri gazanýan türkmen hususyýetçileriniň üstünliklerini giň jemgyýetçilige ýaýbaňlandyrmakda özboluşly meýdança öwrüljek bu sergi üç günläp dowam eder. Onuň jemleýji gününde — 19-njy martda sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow