Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada — döwletiň we jemgyýetiň ileri tutulýan wezipesi
Jemgyýet
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada — döwletiň we jemgyýetiň ileri tutulýan wezipesi
Çap edildi 15.03.2025
1604

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda müdiriýetiň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylygyna degişli meseleler girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna hem yzygiderli kömekleriň berilmegi ynsanperwer ýörelgeleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen duşuşyklaryň, guraljak sergileriň, okuw maslahatlarynyň guramaçylygyna zerur üns berilmelidigi barada aýdylyp, taryhy ähmiýeti bolan bu senäniň ýokary derejede dabaralandyrylmalydygy bellenildi.

Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işini mundan beýläk-de ösdürmek we bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara tejribe alyşmak meselelerine zerur üns berilmelidigi nygtaldy. Munuň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde işjeň ilerledilmeginde, sogap işleriň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde ähmiýetlidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu babatdaky işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça birnäçe maslahatlary berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ynsan saglygynyň goralmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mynasyp goşandy bardyr. Şoňa görä, gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelerde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigi öz beýanyny tapmalydyr. Şanly sene mynasybetli guraljak çäreler Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny, gaznanyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi ugrunda edýän tagallalarynyň oňyn netijeleri berýändigini äşgär etmelidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Gaznanyň wise-prezidenti ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
18.12
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
18.12
Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda
top-arrow