Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Çap edildi 26.03.2025
2511

Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkymyzyň asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolup durýar. Şoňa görä, pagtaçylygy ösdürmek babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler ykdysady taýdan höweslendirilýär. Ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, gowaça ekilýän meýdanlary özleşdirmekde her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak esasynda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagtanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly we süýüminiň hili gowulandyrylan görnüşleri täze ekin dolanyşygyna girizilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň ýokary hilli görnüşleriniň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalary üçin möhüm çig mal bolan “ak altynyň” önümçilik möçberiniň artmagyny üpjün edýär. Şol kärhanalarda öndürilýän önümlere dünýäniň köp döwletlerinde uly isleg bildirilýär.

Şu gezekki ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, dünýäde öňdebaryjy “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly ulgam arkaly enjamlaşdyrylan tehnikalar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar, gowaça kultiwatorlary peýdalanylar. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň, beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, mynasyp dynç almaklary üçin zerur şertler döredildi. Etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze oba hojalyk möwsümine taýýarlanyldy. Olar ekerançylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün eder.

Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda welaýatlaryň birnäçe daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Ýygnananlar çykyşlarynda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi babatda edýän tagallalary, ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, pudakda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy.

Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
top-arrow