Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 09.04.2025
2981

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üçünji sany okyjylara ýetirildi. 

Mart aýynyň dowamyndaky şanly seneler žurnalyň ilkinji sahypalaryndan başlap ornuny tapýar. «Nowruz ― parahatçylygyň we dostlugyň baýramy» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, Milli bahar baýramyna bagyşlanýar. «Bagtyýar zenanlar ― döwrüň buýsanjy» atly makalanyň awtory Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi bolan zenanlarymyzyň şatlygyny paýlaşýar.

Däbe öwrülen «Talyp gözeli» we «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikleriň netijeleri baradaky makala «Görküni bahardan alan gözeller» diýlip atlandyrylypdyr. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan makalada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly wasp edilýär. Neşir 22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy baradaky makalany hem okyjylaryna iňlis dilinde ýetiripdir.

«Çagalaryň saglygy ― bagtyýar geljege binýat» atly makalada Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň paýlaýan eşretleri wasp edilýär. «At münmegiň saglyga peýdasy» atly makala hem täze sanyň iň täsirli çykyşlarynyň biri bolupdyr. Şol sahypalarda iňlis dilindäki çykyşda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eserindäki pelsepewi pikirler beýan edilýär. Magtymguly Pyragy baradaky çykyşlar neşiriň täze sanynda hem dowam etdirilýär. Şeýle çykyşlaryň biri «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň paýhas mekdebi» diýlip atlandyrylýar. 

Muzeýlerimizde eýýäm işe girişen «Wirtual muzeý» taslamalary barada gürrüň açýan makala hem täsirli bolupdyr. «Açyk asmanyň astyndaky muzeý» atly makaladan bolsa gadymy Dehistan barada gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz.

Mälim bolşy ýaly, neşir milli ykdysady galkynyşymyza hem hemişe orun berýär. Şu gezekki sanynda hem «Sanly geljek: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygyna geçmegiň ähmiýetli çözgütleri» atly makala ýerleşdirilipdir. «Medeni mirasyň kanunçylyk esaslary» atly makala hem bu ugur bilen gyzyklanýanlar üçin täsirli we peýdaly maglumatlara baý. Okyjylar «Durnukly ösüşiň milli tejribesi», «Saglygy berkitmekde şypahanalaryň orny» atly makalalary hem höwes bilen okap bilerler. «Endige daňlan» atly çykyş bolsa, sözüň doly manysynda, ýaşlar üçin juda peýdaly bolup biler. Çykyşda endiklerimiziň şu güne we geljege edýän täsirleri dogrusynda beýan edilýär.

Däp bolşy ýaly, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgulary, çeper edebiýatyň beýleki görnüşleri hem täze sandan orun alýar. Ýaş nakgaş Myratmergen Kulyýewiň döredijiliginde eneleriň keşbiniň tutýan ornuna bagyşlanan makala hem özüneçekiji bolupdyr. Žurnalyň täze däbi dowam etdirilip, ahyrky sahypalarda aprel aýynyň täleýnamasy ýerleşdirilipdir. Žurnalyň tutuş süňňünde bolşy ýaly bahar oýlanmalary ahyrky sahypalarda-da dowam etdirilýär. Hatda şu gezeki tanyşdyrylýan işdäaçar hem «Bahar täzeligi» diýlip atlandyrylýar.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow