Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Çap edildi 13.04.2025
582

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň beýanydyr. «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymynyň alynmagy hem şanly ýylyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan energetika syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmeleriniň birine öwrüldi. Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunda durýan Türkmenistanyň halkara giňişlikde kuwwatly energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny tassyklaýar. Şunda ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge, türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Bu babatda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hem zerur üns berilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär. “Galkynyş” gaz käniniň 285 belgili ulanyş guýusynda degişli çuňluklardan tebigy gazyň akymynyň alnyp başlanmagy-da pudagyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir. Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýynyň önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan netijeli işler we gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işi guramagyň täzeçil usullary netijeli ulanylýar. Bu bolsa pudagyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň uglewodorod mümkinçilikleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Soňky habarlar
30.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
29.04
Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy
29.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.04
Türkmenistan halkara söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.04
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
top-arrow