Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi. Munuň özi taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň saparyna gabatlanyp, Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi. Bu çärä Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleri çagyryldy.
...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary birnäçe sagatdan soňra Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy. Dostlukly ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.
Soňra “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň Marten Buig bilen duşuşygy boldy.
Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasy, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge oňaýly şertler ýurdumyzyň dünýäniň işewür toparlary üçin özüne çekijiligini artdyrýar. Şoňa görä-de, kompaniýalaryň köp sanlysy, şol sanda fransuz kompaniýalary hem geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige iberen salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. “Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri bu kompaniýa bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi. Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen ençeme taslamalar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Kompaniýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär. Şunda bu düzümiň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini öwretmek boýunça goşýan goşandy barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda kompaniýa tarapyndan gurlan, fransuz diline ýöriteleşdirilen mekdebiň hereket edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçysyna netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan minnetdarlygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de “Buig” fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.
Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny aýtdy we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Marten Buig kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň Fransiýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň geçirilýän ýerine — “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasyna gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýanyň “MEDEF-International” halkara assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe mähirli garşylaýar.
Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen foruma Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň wekiliýet agzalary, türkmen işewürleri gatnaşdylar.
Forumyň öňüsyrasynda Milli Liderimiz we çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, milli mirasymyza bagyşlanan sergini synladylar.
Filipp Gautýe forumy açyp, Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekledi hem-de Fransiýa saparynyň çäklerinde şu günki foruma gatnaşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi.
“MEDEF-International” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bu forumyň oňa gatnaşýan fransuz kompaniýalary üçin taryhy wakadygyny hem-de onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtap, çäräniň giň wekilçilikli düzüminiň Türkmenistanyň özüne çekijiligini görkezýändigini belledi. Şeýle-de ol amatly maýa goýum ýagdaýy, iş alyp barmak üçin ähli şertler döredilen ýurtda işlemegiň fransuz işewürleri üçin buýsançlydygyny aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurtdur. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny üçünji gezek ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi guwandyryjy wakadyr. Döwletimiz bu hukuk ýagdaýyna esaslanyp, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Dünýä ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem ony goldady diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we foruma gatnaşyjylary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.
Geosyýasy ýagdaý barada aýdylanda, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridigini belledi. Eýran we Owganystan biziň sebitdäki goňşularymyzdyr. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen asyrlaryň dowamynda kemala gelen dost-doganlygyň ygtybarly hem berk binýadyna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn häsiýete eýedir.
Ýeri gelende, siziň ýurduňyzyň geçen döwürlerde Eýranda gurup beren senagat kärhanalarynyň netijeli işi, mysal üçin, “Peugeot” ulagy barada aýratyn nygtap bilerin diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we ýakyn goňşymyz Owganystanyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýändigini, sebitdäki beýleki döwletler bilen hem durnukly, deňhukukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady.
Biz mundan beýläk-de Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda duşuşygyň geçirilendigini hem bellemek isleýärin. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Türkmenistan Ýewropa ýurtlary bilen birnäçe ylalaşyklary gazandy.
Halkara pul gaznasynyň seljermelerine laýyklykda, Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny dörederis. Häzirki wagtda Türkmenistanda maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän, umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda berk kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi hem-de ol netijeli hereket edýär. Nebitgaz, gazhimiýa pudagyny, oba hojalygyny, gurluşyk ulgamyny ösdürmek babatda iki sany döwlet maksatnamasy — ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda iri we öňdebaryjy daşary ýurt işewürleri, şol sanda Fransiýanyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda “Cifal”, “Buig”, “Vinci”, “Schneider Electric” kompaniýalaryny we beýleki işewürlik düzümlerini görkezmek bolar. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi.
Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys.
Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.
Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bäşinji ugur hökmünde ýokarda bellenenleriň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi. Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz sözüniň ahyrynda şu duşuşygy gurandyklary üçin fransuz tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, foruma gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi arzuw etdi.
“MEDEF-International” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyza çuň manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň foruma gatnaşmagynyň we çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady-maýa goýum mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giňişleýin beýan etmeginiň fransuz kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmasyny has-da artdyrandygyny belledi. Şeýle hem fransuz kompaniýalaryna bildirilýän ýokary ynam we ýurtda işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirildi.
Foruma gatnaşýan fransuz işewürleri Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beren şu çäräniň guralandygy üçin hoşallyklaryny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň foruma gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrandygyny nygtadylar. Bu çäre fransuz kompaniýalarynyň türkmen wekiliýeti bilen bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy üçin amatly mümkinçilikdir. Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Türkmen-fransuz ykdysady forumy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän köşgüne bardy.
Köşgüň Hormat meýdançasynyň merkezi derwezesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň ýatlamalar we weteranlaryň işleri boýunça ministri hanym Patrisiýa Miralýes hem-de Pariž şäheriniň harby gubernatory general Loik Mizon mähirli garşylaýarlar.
Milli Liderimiz hanym Patrisiýa Miralýes we general Loik Mizon bilen bilelikde Hormat meýdançasyna barýar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet senalary tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Patrisiýa Miralýes we general Loik Mizon Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryny aýlanýarlar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýa Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary, ministr Patrisiýa Miralýes bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.
Wekiliýetler bilen tanyşlykdan soňra, Hormat garawulynyň serkerdesi Gahryman Arkadagymyza resmi garşylamak dabarasynyň tamamlanandygy barada hasabat berýär. Soňra Milli Liderimiz Ýeliseý köşgüne ugraýar.
Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron mähirli garşylaýar.
Ýeliseý köşgüniň howlusynda Hormat garawuly nyzama düzülipdir. Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Fransiýanyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaş hökmünde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Ýewropada Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň halkara işlerde öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň sebitdäki goňşy döwletler bilen gatnaşyklary milli bähbitleri nazara alyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýandygyny belledi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda agşamlyk naharynyň başyndaky iş duşuşygy görnüşinde dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona Pariže resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Milli Liderimiz Fransiýanyň Prezidenti bilen geçirilen ikiçäk duşuşygyň dowamynda iki tarapyň hem syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklandyklaryny aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa hem-de onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bitaraplygyň mümkinçiligini, öňüni alyş diplomatiýasyny, işjeň parahatçylygy goraýyş işini peýdalanmak bütin dünýäde talap bildirilýän mowzuklar bolup durýar. Şundan ugur alyp, biz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda wekilçilikli halkara forumy geçirmegi öňe sürdük. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriler. Bu forum dünýä döwletleriniň dialog, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny beýan eder.
Häzirki halkara gatnaşyklaryň dünýä arhitekturasynda möhüm özgerişleriň şaýady bolýan döwrümizde bu aýratyn möhüm bolup durýar. Bu özgerişler umumy ykrar edilen dünýä institutlarynyň çäklerinde jebisleşmek tagallalaryny talap edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we durnukly ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň köptaraply usulynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bolmagynda galýandygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Şolaryň arasynda Fransiýa aýratyn orna eýedir. Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen, şol sanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen aýda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň möhüm ähmiýetini nygtady. Bu sammitde parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk ýaly meselelerde sebitara özara hereketlere bolan isleg beýan edildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” düzgünlerini goldaýandygyny hem-de Ýewropanyň «Global Gateway» ýaly başlangyçlarynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyna eýedir. Şoňa görä-de, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi biz üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz suwdan peýdalanmagyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu meselä seretmekde halkara hukugyň berjaý edilmegi; ähli sebit döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagy; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy ýaly üç ýörelgeden ugur alýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň daşary ykdysady edaralarynyň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň yzygiderli geçirilýändigini, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň hereket edýändigini belledi. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyza Fransiýanyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň birnäçe saparlary boldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtsak, biziň bu gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçiliklerimiz bar. Biz eýýäm hormatly jenap Prezident bilen energetika, ulag, suw hojalygy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary ýaly esasy ugurlarda özara gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Milli Liderimiz aýtdy we metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Fransiýanyň iri halkara ekologiýa başlangyçlaryny we onuň syýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy ornuny hasaba almak bilen, bu ulgamlarda bilelikdäki işleri ýola goýmagy maksadalaýyk hasap edýärin. Şu we beýleki ugurlara Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň we Energetika meselesi boýunça iş toparynyň çäklerinde seredilip bilner diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şu ýyl bu toparlaryň nobatdaky mejlislerini geçirmegi teklip etdi.
Şu günki geçiren duşuşyklarymyň we biziň wekiliýet agzalarymyz bilen Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň barşynda iş ýüzündäki ylalaşyklara çykmak üçin hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna seredildi. Biz durmuş ulgamyndaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Frankofoniýa günleri, fransuz kinolarynyň görkezilişleri, sergiler, iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleri yzygiderli geçirilýär. Fransuz diliniň öwredilişi üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde fransuz dili öwredilýär. Aşgabatdaky «Fransuz institutynyň» netijeli işini aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetinde fransuz medeniýetine hem-de diline uly gyzyklanma bildirilýändiginiň güwäsidir. Geçen ýyl paýtagtymyzda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Onore de Balzagyň heýkeli oturdyldy.
Arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtamak isleýärin. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň çäklerinde üstünlikli gazuw-agtaryş işlerini geçirýän «MAFTUR» türkmen-fransuz arheologik topary döredildi. 2024-nji ýylyň noýabrynda muzeýlerimiziň birinde Türkmen-fransuz arheologik topary tarapyndan bäş müň ýyldan gowrak taryhy bolan gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginde tapylan arheologik tapyndylaryň sergisiniň açylyşy geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Milli Liderimiz şeýle serginiň eýýäm Germaniýada geçirilendigini hem-de onuň 2025-2026-njy ýyllarda Rimde guralmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň täze gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, fransuz hünärmenleriniň biodürlüligi öwrenmek we ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm iki gezek üstünlikli ekspedisiýany amala aşyrandyklaryny belledi hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de şu we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa bilen Fransiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly anyk teklipleri-de beýan etdi. Munuň özi gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açar.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emmanuel Makrona we ähli fransuz dostlara mähirli garşylandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz Parižiň “Orly” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda maliýe-bank, ýangyç-energetika, şähergurluşyk, aragatnaşyk, kosmos, telekommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky anyk mysaly boldy.