Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 16.05.2025
85

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady foruma gatnaşyjylara mähirli salam bilen ýüzlenmäge rugsat ediň! Halkara ähmiýetli bu möhüm çärä gatnaşmaga we onda çykyş etmäge çakylyk üçin Tatarystan Respublikasynyň hormatly Baştutany Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowa minnetdarlyk sözlerimi beýan edýärin.

Häzirki dünýä ösüşiniň esasy meýilleri, täze geoykdysady hakykatyň, ugurlaryň we görnüşleriň döredilmegi yslam dünýäsiniň öňünde birnäçe uly wezipeleri goýýar. Olary çözmek üçin düýpli oýlanmak zerurdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa onuň häzirki zaman ykdysady dünýä gurluşynda biziň ýurtlarymyzyň orny we mümkinçilikleri barada täzeden pikirlenmegi, ileri tutulýan ugurlary dogry saýlamagy, hakyky artykmaçlyklary doly ulanmagy, pugta amaly esasda mümkinçilikleri birleşdirmegi talap edýändigi aýdyňdyr.

Häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. Biziň ýurtlarymyz demografiýa, tebigy serişdeler, geografik ýerleşiş ýaly ugurlarda ajaýyp görkezijilere eýedir. Tehnologik dereje gyşarnyksyz ösdürilýär. Maliýe we guramaçylyk mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar, ylym-bilim binýady berkidilýär. Bularyň ählisi dürli ugurlarda iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga çemeleşmesi energetika, ulag-logistika we tehnologik ugurlary ileri tutmaga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, yslam döwletleri Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip bilerler diýip hasap edýärin. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Şonuň netijesinde, uly giňişlikler, kuwwatly senagat we çig mal merkezleri birleşdiriler. Strategik babatda şeýle guşak ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biler. Munuň bolsa haryt-nyrh syýasatyna, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň ähli ýagdaýyna oňyn täsir edip biljekdigi gürrüňsizdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz teklip eden «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» strategiýasyny iş ýüzünde işjeň ilerledýär.

Biziň ýurdumyzyň parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna we gadymdan gelýän gymmatlyklara eýermegi şeýle döredijilikli usulyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Munuň özi biziň üçin ahlak esaslarynyň özeni we daýanjydyr. Ol ykdysady we täjirçilik soraglarynda-da öz beýanyny tapýar. Bu babatda yslam dünýäsiniň hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji nusgalaryny görkezip biljekdigine ynanýaryn. Şu maksatlara ýetmek üçin yslam ýurtlarynyň ylalaşylan energetika syýasatyny alyp barmagy, halkara üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy we ony ýeňilleşdirmek soraglaryny utgaşdyrmagy, logistika baglanyşygyny berkitmegi zerur bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň garaýşynyň hemişe deňhukukly gatnaşyklara hem-de ählumumy we sebit ýagdaýlaryna ähli gatnaşyjylaryň bähbitleriniň ykrar edilmegine esaslanýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Hususan-da, biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyna, energetika, ulag akymlarynyň birtaraplaýyn çäklendirilmegine garşy berk çykyş edýär. Olaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň we giň halkara gatnaşyjylar üçin elýeterli bolmagynyň zerurdygynyň tarapdary bolup durýar.

Türkmenistan ählumumy we sebit derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda bilelikde işlemek üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň yslam dünýäsiniň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar.

Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar. Bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem olar esasy ulag ýollaryna çykmaga, dürli söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp durmuş soraglaryny çözmäge şert döreder. Bu bolsa, ahyrky netijede, syýasy ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, töwekgelçiliklerdir howplaryň azalmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistan hem ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini birleşdirýän, Hazar hem-de Gara deňizleriniň sebitleriniň çäklerinden geçýän Ýewraziýa multimodal ulag ugurlaryny durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli iş alyp barýar. Munuň özi guramaçylyk, hukuk, ykdysady, maliýe hem-de tehnologik soraglaryň toplumyny çözmekde ulgamlaýyn işleri talap edýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde çözgütleriň goldanylmagyny we kabul edilmegini talap edýär. Şunda yslam ýurtlarynyň raýdaşlyk orny möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, biz yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip edýäris.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi-de hyzmatdaşlygymyzyň wajyp ugry hasap edýäris. Bu wezipe häzir Ýer ýüzüniň birnäçe sebitinde bolup geçýän, ýeňil bolmadyk geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda aýratyn möhümdir. Türkmenistan Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy ugrunda çykyş edýär. Şeýle hem dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup durýar.

Biziň ýurdumyz bu kadalary iş ýüzünde amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistan owgan halkyna raýdaşlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda azyk önümlerini, çaga iýmitini, ýyly egin-eşikleri, derman serişdelerini, hususy arassaçylyk serişdelerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde doganlyk goňşy ýurda iberýär. Biz bu işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz, aýratyn-da, soňky ýyllarda ýokary tehnologiýalar, innowasion işläp taýýarlamalar, emeli aň ulgamynda uly tejribe topladylar. Bu mümkinçilikler dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly deňhukukly goşulmak üçin ösüşiň öňdebaryjy orunlaryna çykmakda yslam dünýäsiniň döwletleriniň umumy tagallalarynda ulanylyp bilner we ulanylar. Biziň döwletlerimiziň tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny, tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki köpugurly innowasion maksatnamalary we amaly ähmiýetli, düýpli barlaglaryň taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn hem-de yzygiderli esasda ýola goýmagyny maksadalaýyk hasaplaýarys.

Gadyrly dostlar!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Kazanda bolmak bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň doganlyk Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitleri we bitirilen hyzmatlary aýratyn bellemek isleýärin. Tatarystanly kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyzyň Russiýa, onuň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysaly bolup durýar. Şunda Tatarystan kuwwatly tehnologik, serişde we senagat mümkinçilikleri babatda hem, Türkmenistan bilen taryhy gatnaşyklary babatda hem aýratyn orny eýeleýär.

Biz Tatarystan bilen energetika pudagynda, senagat, ulag, söwda we beýleki birnäçe ugurlar boýunça bilelikdäki işleri alyp barýarys. Şu işde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylary we Hökümeti tarapyndan berilýän goldawy aýratyn nygtamak isleýärin. Şeýle garaýyş üçin minnetdarlyk bildirip, onuň Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň uzak möhletleýin we düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýaryn. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna, mazmunyna doly laýyk gelýär.

Elbetde, yslam ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Tatarystan Respublikasynyň, hut hormatly Baştutan Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowyň netijeli we döredijilikli ornuny bellemegi wajyp hasaplaýaryn. Bu möhüm wezipe Tatarystan Respublikasynyň hem-de onuň ýolbaşçylarynyň diňe bir yslam döwletlerinde däl, eýsem, bütin dünýäde-de uly abraý gazanandygyny görkezdi.

Yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistan onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýär. Bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardyr.

Soňky habarlar
16.05
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
16.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY
16.05
Türkmenistan dünýä bazarynda ornuny pugtalandyrýar
16.05
«Russia Halal EXPO» halkara sergä gatnaşyjylara ýurdumyzda ýetişdirilen gök we miwe önümleri hödür edildi
16.05
Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna
16.05
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
16.05
Türkmenistanyň Milli pawilýony «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde
15.05
2025-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow