Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 02.06.2025
3241

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine arassalanan nah matanyň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 88 million 437 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit»  döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow