Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreler giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Bu baýrama gabatlanyp ýokary okuw mekdeplerinde taslama bäsleşikleri, ylmy maslahatlar guralýar. Takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna möhüm goşant goşýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat hem giň mazmunly çärelere baýdygy bilen tapawutlandy. Utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri bilen bir hatarda, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Belarusuň, Braziliýanyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň, Awstriýanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy merkezleriniň, kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler ylym-bilimiň islendik ýurduň ösüşiniň binýadynda duran möhüm gymmatlykdygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikler barada aýratyn durlup geçildi. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyna degişli döwrebap desgalar yzygiderli esasda gurlup, ozaldan bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýady öňdebaryjy öndürijileriň önümleriniň hasabyna barha pugtalandyrylýar. Munuň özi alymlaryň we ýaşlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary üçin zerur şertleri üpjün edýär. Ylmy açyşlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere hem aýratyn üns çekildi. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk durnukly ösüşe esaslanýan ylmy işläp taýýarlamalary önümçilik we durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda işjeň ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Mejlisde çykyş eden daşary ýurtly alymlar wekilçilik edýän ylmy edaralarynyň we kompaniýalarynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Innowasiýalary ulanmak arkaly dermanlyk ösümliklerden alynýan tebigy bejeriş serişdelerini ösdürmek, biotehnologiýalar arkaly durnukly ösüşe ýardam etmek, ýokary bilimiň netijeliligini artdyrmak maslahatda edilen çykyşlaryň esasy mazmunyny emele getirdi. Ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýapon alymlarynyň öňe sürýän garaýyşlary hem geljegi uly ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklara itergi berip biler. Ýaponiýanyň alymlarynyň gaýtadan dikeldilýän energetika, suwuklandyrylan gazyň eksportyny artdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamynda öňe süren teklipleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Innowasiýalar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Ylym, bilim we önümçilik innowasiýa ulgamynda biri-biri bilen berk baglanyşýan ugurlardyr. Tehnologik ösüş bolsa milli innowasiýa ulgamynyň gatnaşyjylary bolan kärhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy esasynda gazanylýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda döwrebap tehnologiýalara esaslanýan senagat toplumlary yzygiderli gurulýar. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýapon kompaniýalary hem işjeň gatnaşýarlar. Maslahatda çylşyrymly senagat enjamlaryny öndürmekde we ornaşdyrmakda Ýaponiýanyň ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Umumy mejlis Türkmenistanda ýarymgeçirijileriň önümçiligini ýola goýmakda, elektron senagat üçin önümleri öndürmekde daşary ýurtly alymlaryň çykyşlaryny, peýdaly tekliplerini özünde jemleýändigi bilen tapawutlandy.
Soňra “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini üç bölümçede dowam etdi. “Ylym — ösüş arkaly parahatçylygyň binýady”, “Milli-medeni ýörelge — dostlukly hyzmatdaşlygyň kämil köprüsi”, “Innowasion tehnologiýalar — durnukly ösüşi üpjün etmegiň kämil serişdesi” atly bölümçelerde edilen çykyşlar giň ugurlarda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ylmy jemgyýetçilik wekilleriniň öňe sürýän gymmatly garaýyşlaryny özünde jemledi.
Maslahatyň çäklerinde innowasion tehnologiýalaryň sergisi hem guraldy. Şeýle-de uniwersitet tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.