Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar
Ykdysadyýet
1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar
Çap edildi 22.06.2025
3505

Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. 1 million tonnalyk sepgidi eýelän gallaçy kärendeçileriň orak möwsüminde alyp barýan işleriniň depginleri birjik-de peselmeýär.

Diýarymyzda daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmekleri, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, daýhanlaryň mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi kärendeçileri zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düzümlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Bu bolsa azyk üpjünçiligini pugtalandyrmakda, önümçilige ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda ähmiýetlidir.

Oba hojalygyndaky işleri döwrebap usulda guramak, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, dürli görnüşli azyklyk oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýyl galla möwsüminiň ýokary depginde alnyp barylmagy hem pudaklaýyn düzümiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň 1 million tonnalyk sepgidi eýelemegine welaýatlaryň zähmetsöýer daýhanlarynyň mynasyp goşandynyň bolandygyny nygtamak gerek.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde bolup, kärendeçi daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşmagy hem-de onuň ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna ak pata bermegi ýurdumyzyň gallaçy kärendeçilerini belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.

Häzirki döwürde ähli welaýatlarda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy oba hojalyk ekini bolan bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we saklanmagyna berilýän ünsüň örän uludygyny görkezýär. Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge bolan höwesini artdyrýar.

Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edilýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredilendir. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara getirilýär. Gazanylan üstünligi berkitmek üçin galla meýdanlaryndaky işleriň depginini gowşatmazlyk ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynamy pugtalandyrýar.

Daýhanlaryň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipelere üstünlikli amal edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgady bolar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow