Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kabul edileni bäri geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Garaşsyz, bitarap ýurdumyz öz depginli ösüşünde birnäçe galkynyşly döwürleri başdan geçirdi we dünýäniň özygtyýarly döwletleriniň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki ugurlarynda halkara giňişligine işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň we işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi häzirki wagtda Kodeksi döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy.
Şunuň bilen baglylykda, Kodeksiň taslamasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we oňa halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem girizmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň, şonuň ýaly-da daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da daşary ýurt ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän bölegiň girizilýändigini bellediler.
Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek kanun taslamasynyň esasy maksatlary bolup durýar.
Bu kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrar.
Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamasyna seretdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýokarda agzalan hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.
Parlamentariler ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem deputatlar döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek we kanunçykaryjylyk işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça gymmatly maslahatlardan we görkezmelerden ugur alyp, kabul edilýän kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini wagyz etmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.