Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 08.07.2025
37

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde geçirilen köp sanly iş maslahatlary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler geçen aýy köpöwüşginli çärelere beslemek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

2-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Onda YHG-nyň sebitinde durnukly we netijeli ulag ulgamynyň ösdürilmegine, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky logistik arabaglanyşygyň kämilleşdirilmegine, multimodal ugurlaryň giňeldilmegine, ulag ulgamynda sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Maslahatyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri, Pakistanyň aragatnaşyk ministri, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary, YHG-nyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olarda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek, ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak, serhet geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli sürüjileri we ulag dolandyryjylaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepin bilen geçirilen duşuşykda netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändikleri bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk boldy. Onda ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine seredildi.

4-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän düzümleriň ykdysady, durmuş, ekologiýa babatda alyp barýan işlerini utgaşdyrýan bu esasy jogapkär düzüm 54 döwletden ybarat bolup, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanylýar.

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli paýtagtymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşdäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakdan, ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, ony gorap saklamakdan ybarat boldy.

Şol gün geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat tehnologik özgertmeler we howanyň üýtgemegi şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esasy meýdança bolup hyzmat etdi.

5-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweý bilen geçirilen gepleşiklerde köp ugurlar boýunça depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral bilen bolan duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň geljegi barada durlup geçildi.

5-6-njy iýunda Hindistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri “Merkezi Aziýa — Hindistan” işewürlik geňeşine, “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň dördünji mejlisine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem Hindistanyň daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag-logistika düzümleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hindistanyň arasynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde maýa goýum mümkinçilikleri, innowasion tehnologiýalar, sanly, bio we nanotehnologiýalar, saglygy goraýyş, derman senagaty, ylmy barlaglar ulgamlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem sebitleýin we halkara derejedäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

8-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumlaryndaky, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk, ýokary we “ýaşyl” tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.

9 — 11-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda ulgamyna we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna hem-de ýurduň senagat we maýa goýum mümkinçilikleriniň birinji milli sergisine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu çäre işewürlik mümkinçiliklerini öwrenmek, logistika ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek, işewürlik we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak, Merkezi Aziýa bazarlaryna çykmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Forumyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Hojaýew bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylymlar güni mynasybetli, 11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat takyk bilimler boýunça ýokary derejeli hünärmenleri we ýaş alymlary taýýarlamakda ähmiýetli waka boldy. Maslahatyň çäklerinde innowasion tehnologiýalaryň sergisi, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

11 — 13-nji iýunda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň dokma senagatynda gazanylanlara we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Giň gerimli gözden geçiriliş ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini we üstünliklerini görkezmek, täze önümleri tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etdi.

12-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagynda parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Gatnaşyjylar sebit ösüşi we durnuklylygy üçin möhüm ähmiýeti bolan esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, bu maslahat, hususan-da, migrasiýa işi, sanly tehnologiýalary peýdalanmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak, raýatsyzlygyň soňuna çykmak we ekologiýa durnuklylygy nukdaýnazaryndan parahatçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraply düzümleriň çäklerinde giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlylyk beýan edildi.

12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekmek dabarasy geçirildi.

13-nji iýunda Türkmenistanyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýurtlaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hem-de halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

14-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirilip, onda islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin bilen gepleşikler geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

14-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen bolan duşuşykda halkara raýdaşlygyň we goldaw bermegiň belent maksatlaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işiniň ýokary ähmiýeti bellenildi.

Dürli ulgamlarda türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri 16-njy iýunda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde hem-de Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Marko Ştusin bilen geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol wagtda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiren Jalpa Ratna bilen geçirilen duşuşykda BMG we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.

17-nji iýunda Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisinde adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, gender deňligini üpjün etmegi, halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy öz içine alýan we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Dialogyň çäklerinde Ýewropanyň Daşary syýasy işler gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni hem-de Ýewropa Adalatçysynyň Kabinetiniň ýolbaşçysy Lambros Papadias bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Taraplar açyk syýasy dialogy goldamagyň wajypdygyny tassykladylar.

Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy, medeniýet, bilim ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti 21-22-nji iýunda Stambul şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň gün tertibine YHG-ä agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek hem-de döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri girizildi. 22-nji iýunda ady agzalan mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «YHG-nyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak: yslam dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly “tegelek stol” maslahaty möhüm wakalaryň biri boldy. Çärä gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga anyk goşant goşýar.

23-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda 28 ýylyň dowamynda alyp baran işini tamamlan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarda ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmegiň zerurdygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda gazhimiýa we oba hojalyk pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Seýed Abbas Arakçi bilen geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerine garaldy. Türkmenistanyň islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda parahatçylykly ýollar bilen çözmek ýörelgelerine pugta eýermek bilen, parahatçylygy tizden-tiz gazanmak, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyna aýratyn üns çekildi.

24-nji iýunda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Energetika, ulag, şäher ösüşi, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşyk taslamasyna karz serişdelerini bermek baradaky ylalaşyk Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle hem diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine seretdiler.

25-nji iýunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Fransiýa Respublikasynyň senatory, “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Işjeň parlamentara dialogy ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

26-njy iýunda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşykda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky meseleler maslahatlaşyldy.

Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen bolan duşuşykda şu ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işleriň barşy, hususan-da, howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda ählumumy Şertnamanyň ýerine ýetirilişi gözden geçirildi.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen bolan duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

“UK Export Finance” (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alp bilen duşuşyk geçirilip, onda söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hem-de ýurdumyzda infrastruktura, eksport ugurly taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen geçirilen duşuşykda nebit-gaz we gazhimiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, elektroenergetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

28-29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda işewürler strategik häsiýetli uzak möhletleýin gatnaşyklaryň özara hormata we goldawa esaslanýandygyny nygtadylar. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyzy doglan güni we sebitiň täsin gurluşyk taslamasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

29-njy iýunda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşliklerde Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli gutladylar.

30-njy iýunda Türkmenistanyň we Zambiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sloweniýa Respublikasynyň, Palestina Döwletiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdylar. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda guralan möhüm çäreler ösüşleriň täze belentliklerine tarap barýan ýolda Watanymyzyň anyk ädimlerini we köpugurly tagallalaryny aýdyň beýan edýär.

Soňky habarlar
08.07
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.07
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow