Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
Jemgyýet
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
Çap edildi 09.11.2025
46

Şu gün türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek. Munuň özi oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär. Gök-bakja önümlerini, miweleri öndürijiler hem şu ýyl bol hasyl ýetişdirdiler.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň we beýleki hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentdediginiň aýdyň güwäsidir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly maslahatda pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, durnukly oba hojalyk önümçiligi, azyk howpsuzlygy, sagdyn iýmitlenmek, azyk önümleriniň howpsuzlygy bolelin ýaşaýşyň esasy şertleri hasaplanýar. Häzirki döwürde Watanymyz gülläp ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler amala aşyrylyp, pudaga iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň tejribeleri giňden ornaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Däneçilik, Ekerançylyk, Pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Bu işler pudakda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler amal edilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli dowam etdirilýär. Maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän täze toplumlaryň gurluşygyna badalga berildi. Bu toplumlar ýene sanlyja ýyldan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň mineral dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň we onuň eksport kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşar.

Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.

...Irden Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän kenarynda özboluşly bezelen sahnada estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir süýjülikler hödür edildi.

Toý dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan bezemen sahnasynda hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, Hasyl toýy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda merdana halkymyzyň yhlasyna, halal zähmetine, ene topragymyzyň eçilýän bol hasylyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Ol daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýramdyr, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşanydyr.

Dabaranyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, 2022-nji ýylda doglan, Perman we Gaýmak diýen atlaryň neslinden bolan Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.

Dabaranyň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Onda oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň welaýatlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň gaýratly zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmany beýgelip, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze sortlarynyň döredilendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde ak pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önümdigi-de guwandyryjydyr. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkin. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir.

Oba hojalygynda hususy pudagyň gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny hem-de gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, bugdaý, gowaça, dürli görnüşli güller ekilen meýdançalaryň, maldarçylyk pudagynyň gözden geçirilişi hem guraldy. Häzirki döwürde ýylyň ähli paslynda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, bazarlarynda ilata ter miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ekerançylar ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň, gök önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrýarlar. Oba hojalygynda ýetilen şeýle ajaýyp sepgitler bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide giňden görkezildi.

Ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, türkmen toýuna mahsus milli tagamlar taýýarlanyldy. Milli göreş, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary ýüze çykardy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Dabara gatnaşyjylar ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de maslahatlar, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Soňky habarlar
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow