Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi: Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
Ykdysadyýet
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi: Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
Çap edildi 10.07.2025
67

Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagynda başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Ägirt uly ýer serişdelerine, amatly toprak-howa şertlerine eýe bolan Türkmenistan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu pudak azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ylmy esasda, toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, bu ulgamdaky özgertmeleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Netijede, daýhanlarymyz täze ýerleri özleşdirmegiň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bugdaýyň hasyllylygyny yzygiderli artdyrýarlar.

Pudagyň düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu işler oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň depgini bilen tanyşmagy hem-de Magtymguly daýhan birleşiginde galla oragyna ak pata bermegi we bu ýerde kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş bolmagy ýurdumyzyň galla öndürijilerini has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Diýarymyzda gallaçy babadaýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Munuň özi guşgursak bugdaýyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly itergi bermek bilen, daýhanlaryň durmuş abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna täsir edýär.

Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny bellemek gerek. Pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen döredilen ýörite ýer gaznasyndan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölekler hususy önüm öndürijilere bölünip berilýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli iş alyp barmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu ýyl hususy önüm öndürijileriň bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanynyň beýgelmegine goşant goşmaklary munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda oba hojalygynyň häzirki zaman infrastrukturasyny döretmek, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna uly möçberde gönükdirilýän maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda galla kabul ediş kärhanalary, döwrebap elewatorlar, ammarlar, degirmen toplumlary hereket edýär.

Seçgiçilik, tohumçylyk işlerine we bu ugurda iş alyp barýan ylmy edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalykçy alymlaryň, ugurdaş hünärmenleriň jogapkärli işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti esasynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlandyrylyp, döwletimiziň azyk binýady ygtybarly üpjün edilýär. Ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň esaslandyrylmagy hem-de bu institutda bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylýan täze sortlarynyň döredilmegi hem-de olaryň ekin dolanyşygyna girizilmegi bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi.

Oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek maksady bilen, tohumlaryň ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmek bilen bir hatarda, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegine-de aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçirýän iş maslahatlarynda oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol we bereketli hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belleýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, tohumlary saýlap almakdan başlap, hasyly ýygnamak işlerine çenli bugdaý önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gögeriş we ösüş suwlaryny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek çäreleri öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirildi. Bu ugurda kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledildi. Munuň özi ideg işleriniň öndürijilikli we agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna ýardam etdi.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, bugdaý orýan kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bugdaý meýdanlarynyň ýanynda dürli dabaralar guralyp, welaýatlaryň aýdym-saz, tans-folklor toparlary çykyş etdiler. Dabaralaryň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.

Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi.

Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşaldy. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklerine ýardam berdi.

Şeýlelikde, gallaçy babadaýhanlarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
10.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi: Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
09.07
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
09.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
09.07
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.07
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow