Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
Ykdysadyýet
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
Çap edildi 11.07.2025
114

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady.

Dabara Hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri we ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Oba hojalyk toplumynda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar.

Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we toplumyň ähli düzümlerini köpugurly esasda ösdürmäge, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna oba hojalyk pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.

Soňra dabara gatnaşan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi we daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegi mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşan Hökümet agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde köpugurly özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda çekilýän öndürijilikli zähmetiň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň oba hojalygynda döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola goýlup, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Sebitleriň her birinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar toplumlary guruldy. Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren bu dabara merdana daýhanlarymyzyň döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, oňa özleriniň öndürijilikli zähmeti bilen jogap berýändiklerini alamatlandyrdy. Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny tabşyran gallaçy kärendeçiler şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin batly depginler bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý etmekleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylarymyzy we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
11.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowа
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.H.AGAHANOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.W.AKMÄMMEDOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.ANNADURDYÝEW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany SAPBAÝEW D.I. hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.ÇAKYÝEW hakynda
top-arrow