Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlar durnukly geljegi gurýarlar
Jemgyýet
Ýaşlar durnukly geljegi gurýarlar
Çap edildi 04.08.2025
123

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, DÇBÖBD-niň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetinden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bu forumyň esasy maksatlarydyr.

Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orun eýeleýärler. Bu maksatlar ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda ýokary hilli bilim almagy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ykdysady ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.

BMG-niň Ýaşlar gün tertibi ýaşlar babatda Hereketleriň bütindünýä maksatnamasyna esaslanýar. Baş Assambleýa tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen bu maksatnama ýaşlara degişli ileri tutulýan 15 ugry öz içine alýar hem-de bütin dünýäde ýaşlaryň ornuny berkitmek maksady bilen, milli hereketler we halkara goldaw üçin syýasy çarçuwalary hem-de esasy ýörelgeleri üpjün edýär.

Birleşen Milletler Guramasy ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň, taglymlarynyň we güýç-kuwwatynyň ýaşaýan jemgyýetleriniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini öňe sürýär. Şu nukdaýnazardan, 1965-nji ýylda BMG-ä agza döwletler Parahatçylyk, halklaryň arasynda özara hormat goýmak we düşünişmek taglymlaryny ýaşlaryň arasynda ýaýratmak hakyndaky Jarnamany kabul etdiler. 1985-nji ýyly bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara ýaşlar ýyly» diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem ruhubelent, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Ýaş türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmek, olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatyny jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda, jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär hem-de olaryň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan edilýär.

Forumyň açylyş dabarasynda türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary bilen geçen 2023-nji ýylda Türkmenistanda ençeme çäreler, şol sanda Aşgabatda Halkara ýaşlar forumy geçirildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş hünärmenleri, telekeçileri we olaryň maşgalalaryny goldamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen «Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny» görkezmek bolar. Onuň ilkinji duşuşygy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde, ikinjisi bolsa 2025-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Bu duşuşyga dünýäniň 45 ýurdundan wekiller gatnaşdy. Dialogyň duşuşyklaryna gatnaşyjylaryň ýüzlenmeleri bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişlilikde 78-nji we 79-njy sessiýalarynyň resminamalary hökmünde çap edildi.

Soňra kabul edilmegi meýilleşdirilýän, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalarynyň ýardam bermeginde, Ýaşlar guramalarynyň halkara komiteti hem-de Çagalaryň we ýaşlaryň işleri boýunça esasy toparyň awtordaşlygynda, deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy. Bu Jarnama DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze Hereketler maksatnamasynyň wezipelerini hem-de maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip, ýaşlaryň has gowy geljek babatda garaýyşlaryny beýan edýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, bu Jarnama ýaşlaryň öz geljegini we ýurtlarynyň geljegine degişli strategiýalary döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler diňe bilelikdäki tagallalar we hyzmatdaşlyk bilen ýaşlaryň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmegiň mümkindigini nygtap, pikirleriniň we teklipleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan göz öňünde tutuljakdygyna, munuň bolsa hemmeler üçin has röwşen geljegi gurmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýaşlary bu forumy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ulanmaga çagyrdy.

Soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang BMG-niň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň ýokary hilli bilime, tehnologiýalara we mynasyp iş orunlaryna elýeterliligini, şeýle hem ähli derejelerde çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we bilelikde has röwşen geljegi gurup boljakdygyna ynam bildirdi.

Forumyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasyny gowşurdy.

Açylyş dabarasynyň dowamynda foruma gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Günüň ikinji ýarymynda forum «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlis bilen dowam etdi. Çykyş edenler häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň eýeleýän esasy ornuna ünsi çekdiler. Şoňa görä-de, ýaşlaryň döwrebap bilim almaga hukuklaryny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek inklýuziw ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar.

Ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi birnäçe ugurlary öz içine alýar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek şolaryň iň derwaýyslarynyň biridir. Munuň özi, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, bu bolsa, öz gezeginde, olaryň ýaşaýan ýurtlarynda ykdysady şertleri gowulandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy üçin şertleri döretmek hem möhüm bolup durýar. Bu wezipe ýaşlaryň öz pikirlerini hem-de tekliplerini beýan edip biljek geňeşmeleri, forumlary we beýleki başlangyçlary döretmek arkaly ýerine ýetirilip bilner.

Ýaşlar diňe bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, sosial torlary we tejribe paýlaşmak üçin beýleki platformalary ulanmak arkaly bilimi ýaýratmaga hem işjeň gatnaşýarlar we bu ugurda beýlekilere görelde bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň — hökümetleriň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşlaryň inklýuziw hem-de ýokary hilli bilim gurşawyny döretmek ugrunda tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle hem forumda XXI asyryň iň derwaýys meseleleriniň biri — howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä üns çekildi. Bu mesele ekoulgamdan ykdysadyýete çenli durmuşyň ähli ugurlaryna täsirini ýetirip, ählumumy derejede gyssagly we netijeli hereketleri talap edýär. Ýaşlar ylym-bilim we tehnologiýalar arkaly Durnukly ösüş maksatlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen maksadyny amala aşyrmak boýunça tagallalara saldamly goşant goşýarlar. Olaryň innowasion çemeleşmeleri howanyň üýtgemegi bilen bagly çylşyrymly meseleleriň täze çözgütlerini tapmaga ýardam berýär.

Çykyş edenler Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilimiň ekologiýa babatda düşünjeli ýaş nesli kemala getirmegiň esasy bolup durýandygyny belläp, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi we ekologiýa meseleleriniň mekdep hem-de uniwersitet okuw maksatnamalaryna girizilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem ýaşlar tehnologik innowasiýalar arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreşe saldamly goşant goşýarlar. Ýaş telekeçiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamlary we ekologiýa taýdan arassa önümler ýaly durnukly tehnologiýalary döretmäge gönükdirilen startaplary işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler.

Şeýlelikde, DÇBÖBD-niň geljegi bilen baglylykda, ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi inklýuziw ösüşi gazanmagyň möhüm strategiýasy bolup durýar. Ýaşlaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy, bilime elýeterliligiň üpjün edilmegi we telekeçiligiň goldanylmagy durnukly geljek üçin zerur şertleri döreder.

Şeýle hem forumyň dowamynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrýarlar. «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalary taýýarlan işlerinde sanly tehnologiýalaryň işewürligi ösdürmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek üçin netijeli gural bolup durýandygyna ünsi çekýärler. Ýaş startapçylar interneti we sanly platformalary ulanmak arkaly, geografik hem-de ykdysady päsgelçiliklere garamazdan, halkara bazarlara çykmagyň ýollary barada gyzykly wideoşekilleri taýýarlapdyrlar.

Bu sergi pikir we tejribe alyşmak, şeýle hem DÇBÖBD-de sanly telekeçiligi ösdürmäge ýardam berjek bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolar.

Forumda ýaş telekeçiler özleriniň seljerme makalalary bilen tanyşdyrdylar. Ýaşlar forumy DÇBÖBD-de ýaşlar telekeçiligini ösdürmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri we ýaşlaryň öňünde açylýan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Dürli sebitlere wekilçilik edýän ýaş telekeçiler ösüp barýan ýurtlarda iş gurşawyna täsir edýän esasy ugurlar boýunça ylmy işlerini taýýarladylar. Olaryň işi bazaryň ösüş tapgyrlaryny we innowasion iş modellerini seljermekden başlap, döwletleriň alyp barýan syýasatlarynyň ýaşlaryň telekeçiligine edýän täsirini öwrenmäge çenli ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Bu makalalar diňe bir ýaş telekeçileriň öz ýurtlaryndaky ýagdaýlary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, iş gurşawyny gowulandyrmak üçin anyk teklipleri hem hödürleýär.

Forum ýaş telekeçilere tejribe alyşmaga hem-de halkara guramalaryň wekilleri, maýadarlar we bilermenler bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ýaş telekeçiler diňe bir öz ylmy işlerini tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, pikirlerini we taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berjek degişli goldawy hem alarlar. Ýaşlaryň ykdysady we durnukly ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde mümkinçiligini görkezmek bu tanyşdyrylyşyň esasy maksadydyr. Foruma gatnaşyjylar ýaş telekeçileri goldamagyň täze iş orunlaryny döretmäge, jemgyýetiň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we ösdürmäge mümkinçilik döretjekdigini bellediler.

Ýaş telekeçileriň seljerme çykyşlarynda inklýuziw ösüşi gazanmaga we DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk pikirler beýan edilýär. Bu çäre röwşen geljegi gurmakda ýaşlaryň eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň pikirlerine we başlangyçlaryna maýa goýmagyň tutuş halklaryň gülläp ösüşine ýardam berýändigini görkezýär.

5-nji awgustda forum öz işini ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky dialog, şeýle hem «Ösüşi höweslendirmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ykdysadyýet üçin sanly ösüş ulgamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky innowasiýalar» hem-de «Hukuklary we özgerişlikleriň mümkinçiliklerini giňeltmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny» atly bölümçeler bilen dowam eder.

Soňky habarlar
04.08
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança
04.08
Durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalar
04.08
Ýaşlar durnukly geljegi gurýarlar
04.08
Awaza belent mertebeli myhmanlary garşylaýar
04.08
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
04.08
Hazar deňziň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady
top-arrow