Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti we Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Çärä deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, iri maliýe edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forum DÇBÖBD-ni goldamaga gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasy boýunça borçnamalary tassyklan dünýä jemgyýetçiligi üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Onda geografik taýdan ýerleşmegine degişli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlaryň ösüşinde sanly tehnologiýalaryň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, häzirki sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumatlara, internete hem-de innowasion çözgütlere elýeterlilik durnukly we inklýuziw ösüşiň esasy şerti bolup çykyş edýär. DÇBÖBD üçin sanly özgertmeler geografik çäklendirmeleri aşmagyň, täze ykdysady mümkinçilikleri döretmegiň we dünýä bazarlaryna çykmagyň ýoludyr.
Türkmenistan ugurdaş infrastrukturany yzygiderli ösdürmek bilen, halkara sanly giňişlige işjeň goşulyşýar. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna gönükdirilýän maýa goýumlar bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima sanly söwdanyň we hyzmatlaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde möhüm gurala öwrülip biljekdigini belledi. Şeýle hem Baş sekretaryň orunbasary ykjam we sanly hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmekde gender deňliginiň we inklýuziwligiň möhümdigini nygtap, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Awaza maslahatynyň amatly meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi.
Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Telekommunikasiýa ösüşi býurosynyň direktory Kosmas Zawazawa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde arabaglanyşygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler barada durup geçdi. Döwrebap tehnologiýalara esaslanýan sanly hyzmatlara giň zolakly internete elýeterliligi ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.
Forumyň dowamyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler durnukly ykdysady ösüş ýolunda käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy ulag we aragatnaşyk bilen baglanyşykly kynçylyklary döredýär. Muňa garamazdan, sanly aragatnaşyk bu döwletler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwrebap sanly infrastrukturanyň we hyzmatlaryň ösdürilmegi bu ýurtlara bar bolan päsgelçilikleri aradan aýryp, dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär.
Ykdysady işiň sanlylaşdyrylmagy DÇBÖBD-niň halkara söwda işjeň gatnaşmagyna ýol açýar. Mundan başga-da, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulag we logistika ulgamlarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde bellenildi. Bu tehnologiýalara esaslanýan öňdebaryjy dolandyryş ulgamlary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge hem-de çykdajylary ep-esli azaltmaga ýardam berýär. Sanly tehnologiýalaryň döwlet hyzmatlary ulgamyna ornaşdyrylmagy ilata edilýän hyzmatlaryň, hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ýaly möhüm ugurlarda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Çykyş edenler sanly arabaglanyşygy XXI asyrda inklýuziw we durnukly ykdysady ösüşiň iň möhüm şerti hökmünde bellediler. Häzirki döwrüň ösüş ugurly eksport strategiýalarynda hyzmatlara, şol sanda oba hojalyk we önümçilik işleriniň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Bu hyzmatlaryň netijeli işlemegi üçin elýeterli we ygtybarly sanly aragatnaşyk zerur bolup durýar.
Mundan başga-da, awtomobil ýollary we portlar ýaly infrastrukturalaryň hem işini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Sanly söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, gümrük gulluklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üstaşyr söwdany ösdürmäge ýardam berýär.
Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde sanly ulgamy ösdürmek boýunça birnäçe ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda durmuşa geçirilmeli tagallalar 5 sany ileri tutulýan ugry öz içine alýan Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýär. Şol ileri tutulýan ugurlaryň biri hem düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalardyr. Öz gezeginde, bu ugur sanly arabaglanyşyk bilen baglanyşykly birnäçe maksatlary hem-de borçnamalary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda emeli aň we beýleki sanly tehnologiýalar ulgamynda ýurtlaryň arasynda deňeçer ösüşi ýola goýmak, bilim almak we tejribe alyşmak üçin sebitleýin sanly platformalary döretmek, täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin çuňlaşdyrylan analitika, emeli aň we awtomatlaşdyrma tehnologiýalary ýaly ulgamlarda habardarlygy ýokarlandyrmak, sanly infrastruktura birikmäni gowulandyrmak, tehnologik innowasiýalara elýeterliligi ýokarlandyrmak arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sanly ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmek, bu ýurtlar üçin milli sanly strategiýalary işläp taýýarlamakda hem-de pugtalandyrmakda, netijeli sanly arabaglanyşygy üpjün etmekde, milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we amatly şertleri döretmekde goldaw bermek ýaly wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur maýa goýumlar hem-de hyzmatdaşlyklar bilen berkidilen ählumumy we amatly birikmäni talap edýändigi nygtaldy.
Şeýle hem forumyň dowamynda «Partner2Connect» başlangyjy hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň sanly infrastruktura maýa goýumlary boýunça başlangyjy bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, «Partner2Connect» başlangyjy serişdeleri herekete getirmek, hyzmatdaşlyga ýardam bermek, öňdebaryjy tejribäni alyşmak hem-de mümkinçilikleri ösdürmek üçin dürli taraplaryň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilip, maýa goýumlary we tehniki bilimleri çekmek, şeýle hem berk hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin netijeli platforma bolup durýar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň halkara we sebit maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän sanly infrastruktura maýa goýumlary boýunça başlangyjy hem ählumumy sanly özgerişe goldaw bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Giň zolakly aragatnaşyga hem-de maglumatlary işlemek merkezlerine maýa goýumlary çekmek, DÇBÖBD-nä tehniki goldawy bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýaly maliýeleşdirmegiň innowasion görnüşlerini işläp taýýarlamak bu başlangyjyň esasy maksatlary bolup durýar. Bellenilişi ýaly, bu iki başlangyjyň utgaşdyrylmagy ählumumy hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirip, maýa goýumlary çekmek hem-de infrastrukturany ösdürmek üçin anyk mehanizmleri üpjün edýär. Munuň özi DÇBÖBD-nä sanly ulgam bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge, tagallalary birleşdirmäge we durnukly sanly ekoulgamlary döretmäge ýardam berýär.
Şunuň bilen birlikde, forumda Ýewropa Bileleşiginiň käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly sanly özgerişe ýardam bermek boýunça başlangyjy tanyşdyryldy. Hemra aragatnaşygy maglumat we hyzmat infrastrukturasyny howpsuz, ekologiýa taýdan arassa ýerleşdirmäge hem-de ulanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň wekili çykyşynda Merkezi Aziýada sanly özara baglanyşygy goldamak boýunça ÝB-niň uzak möhletleýin strategik maksatlaryny beýan etdi.
Forumyň dowamynda sanly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna üns çekildi. Maslahata gatnaşyjylar sebit integrasiýasyny we serhetüsti infrastrukturany ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, bu ugurdaky kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň meňzeşligini gazanmagyň zerurdygyny bellediler. Alys sebitlerde sanly aragatnaşyga elýeterliligi üpjün etmek üçin hemra aragatnaşygy we 5G tehnologiýalary ýaly innowasiýalaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem DÇBÖBD-de sanly integrasiýany üstünlikli amala aşyrmak üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylar bu ýurtlar bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Çykyş edenler DÇBÖBD-niň diňe tagallalary birleşdirmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly öz mümkinçiliklerini açyp, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ýardam etjekdiklerini we ählumumy sanly özgerişiň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp biljekdiklerini bellediler.
Günüň ikinji ýarymynda arabaglanyşyga bagyşlanan maslahat üstaşyr ulag mowzugy bilen dowam etdi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durnukly ösüşiň we sebit integrasiýasynyň möhüm şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistan Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini we multimodal ugurlary giňeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär.
Ulag ulgamy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirýär.
Infrastruktura, şol sanda multimodal ulag ulgamlaryna maýa goýumlaryň görnüşlerine bagyşlanan mejlisde infrastrukturanyň söwda we logistika ulgamlaryny ösdürmekde hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, infrastruktura gönükdirilen maýa goýumlaryň üstünlikli nusgalary tanyşdyryldy. Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylan taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk birnäçe ösüp barýan döwletlerde iri awtomobil we demir ýollaryny ösdürmäge ýardam berdi.
Foruma gatnaşyjylar Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretarynyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde awtomobil ulagyny maliýeleşdirmegiň has amatly nusgalaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, şeýle hem awtomobil, demir ýol we ulaglaryň beýleki görnüşlerini birleşdirýän multimodal ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmegiň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýar.
Şeýle hem IRU-nyň Baş sekretary durnukly we netijeli logistika geçelgelerini döretmäge gönükdirilen hususy maýa goýumlary çekmek boýunça guramanyň alyp barýan işi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, IRU awtomobil ulagy ulgamynyň maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýük daşamalaryň howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion çözgütleri hem-de standartlary işläp taýýarlamak bilen, hökümetler we işewür toparlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Pikir alyşmalaryň dowamynda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň sebitde ulag infrastrukturasyny we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm orny bellenildi. Foruma gatnaşyjylar bu maksatnamanyň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge, arabaglanyşygy gowulandyrmaga ýardam edýändigini we multimodal geçelgeleri ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Bu bolsa ykdysady ösüşi höweslendirip, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Forumyň dowamynda ulag infrastrukturasyna maýa goýumlarda DÇBÖBD-niň aýratynlyklaryny nazara alýan toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygy nygtaldy. Ara alyp maslahatlaşmalar netijeli döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň, halkara guramalaryň goldawynyň hem-de iri halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň bu ýurtlarda durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek üçin berk binýat döredýändigini açyp görkezdi.
Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda tanyşdyrylan öňdebaryjy tejribäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ulag infrastrukturasy ulgamynda maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
“Durnukly we ygtybarly ulag ulgamlaryny döretmek” atly mejlisde ekologiýa taýdan durnukly ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, şeýle hem strategiýalar we maslahatlar beýan edildi.
Foruma gatnaşyjylar ulag ulgamlaryny ösdürmekde ekologiýa wehimlerini nazara alýan we ulag ulgamynda uglerod gazynyň derejesini peseltmäge ýardam berýän toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigini nygtadylar. Çykyşlarda energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy hem-de ulag ulgamynyň durnukly ösüşini goldaýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we degişli infrastrukturany howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen tejribelerdir taslamalar tanyşdyryldy. Bilermenler durnukly ulag ulgamlaryny döretmegiň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de halkara guramalaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy talap edýändigini bellediler. Şeýle hyzmatdaşlyk zerur serişdeleri hem-de bilimleri çekmäge ýardam berýär.
Mundan başga-da, mejlisde çykyş edenler multimodal çözgütleri utgaşdyrmagyň, ulag akymlaryny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ösdürmegiň hem-de ýolagçy we ýük daşamalarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlary bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryň hem-de maksatnamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda adatdan daşary howa şertlerinde durnukly we ählumumy howanyň üýtgeýän şertlerinde ulag ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge ukyply infrastrukturany ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Umumy pikire görä, durnukly we ygtybarly ulag infrastrukturasy ykdysady ösüşiň we ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesiniň binýady bolup durýar.
Mejlise gatnaşýan DÇBÖBD-niň we halkara guramalaryň wekilleri bilelikdäki tagallalaryň ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we bu ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.
Üstaşyr ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde innowasiýalara bagyşlanan mejlisde döwrebap innowasion çözgütlere, şol sanda Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilen üstaşyr ulgamyna we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalara garaldy.
Mejlise gatnaşyjylar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli we ygtybarly üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etmekde esasy orun eýeleýän Hazarüsti halkara ulag ugruna aýratyn üns berdiler. Ýük daşamalaryň wagt aralygyny hem-de çykdajylaryny peseltmäge ýardam berýän innowasion logistika we maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly bu ugry mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmäge, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Çarçuwaly maksatnamalar we bilelikdäki başlangyçlar tanyşdyryldy.
Foruma gatnaşyjylar innowasiýalary ornaşdyrmak we iň gowy tejribäni alyşmak üçin döwlet hem-de halkara düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.
Bilermenler üstaşyr ýük daşamalarda döwrebap tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň ulag ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam berýändigini bellediler.
Maglumat alyşmak üçin elektron platformalaryň ösdürilmegi, gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy we multimodal ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda üstaşyr ýük daşamalary ýeňilleşdirmäge gönükdirilen innowasion taslamalary hem-de maksatnamalary işjeň goldamagyň zerurdygy tassyklanyldy. Foruma gatnaşyjylar döwrebap çözgütleriň giňden ulanylmagynyň DÇBÖBD-de ulag infrastrukturasyny durnukly ösdürmegiň möhüm şerti boljakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem forumyň dowamynda ýurtlaryň içinde we halkara derejede önümçilik zolaklaryny, aýratyn ykdysady zolaklary we logistika merkezlerini baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini toplumlaýyn ösdürmegiň mysallary tanyşdyryldy.
Mejlise gatnaşyjylar ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, söwdany höweslendirmäge hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen üstünlikli integrasiýa mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bökdençsiz üstaşyr ýük daşamalary we multimodal arabaglanyşygy üpjün etmek üçin infrastruktura taslamalaryny utgaşdyrmagyň we degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny özara laýyk getirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda önümçilik klasterlerini we logistika merkezlerini ösdürmäge ýardam berýän durnukly hem-de bäsdeşlige ukyply ulag ulgamlaryny döretmekde sebit başlangyçlarynyň orny bellenildi. Bilermenler toplumlaýyn taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, netijeli, durnukly we integrirlenen ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Döwletleriň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň bilelikdäki tagallalary DÇBÖBD-de ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek we netijede, ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin berk binýat döreder. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme durnukly ösüşiň we üstaşyr ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň kepili bolup durýar.