Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Jemgyýet
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 16.08.2025
89

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Diýarymyzda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň asylly däplerinden gözbaş alýar.

Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmekde möhüm işler bitirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermek, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz haýyr-sahawat işini ösdürmek babatda ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.

...Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde diňe bir durmuş ugurly desgalaryň däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalarynyň hem gurluşygy dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary esasynda täze şäherde lukmançylyk klasteriniň taslamasyny düzmek, onuň gurluşygyny ýokary halkara derejede alyp barmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekilleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparynda bolup, öňdebaryjy tejribeleri öwrendiler. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr.

Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamak we bu ugurda döwrebap bilim bermek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenen toplumlaýyn innowasion merkez bolar. Ol diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümleriň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Häzirki wagtda klasteriň desgalarynyň gurluşygynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary iş alyp barýarlar.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze lukmançylyk klasterinde-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi işleri kadaly ýola goýmaga, şol bir wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.

Soňra O.Atabaýewa bu ýerde kärhana tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada maglumat berildi. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy esaslandyryldy. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy. Kärhananyň öndürýän dürli görnüşli çaga iýmitleri ýokary hili we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnyp, önümçiligiň haryt nyşany bolsa Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy bilen tassyklanandyr. Şeýle hem “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Önümçiligiň geriminiň artdyrylmagy bilen, kärhananyň önümleri görnüş babatda yzygiderli artýar. Öndürilýän önümler ýokary hil gözegçiliginde saklanylyp, çagalar üçin şüle iýmiti dürli witaminler bilen baýlaşdyrylýar. Kärhanada çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan witaminler toplumyny öndürmek maksat edinilýär. Täze önüm daşyndan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň nobatdaky oňyn netijesi bolar.

Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu önümleriň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde möhüm goşandynyň bardygyny belledi.

Soňra şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi. Serginiň dowamynda lukmançylyk klasteriniň sergi diwarlygynyň, gaznanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekilleriň görkezilmegi, bilim-terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyryljak diwarlygyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini hem-de bu işleriň oňyn netijesini berýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň çagalarda gyzyklanma döretmelidigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň, hususan-da, körpe nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesilleriň erkana ýaşamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, serginiň dowamynda ýaýbaňlandyryljak “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar toparynyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň körpe nesilleriniň joşgunynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol “Enäniň saglygy — çaganyň saglygy” atly milli şygaryň iş ýüzünde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny we onuň durmuşa geçirilmeginiň eneleriň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
17.08
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
13.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
13.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
top-arrow