«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar» ady bilen geçirilen zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy bu ýurtlarda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň syýasy-jemgyýetçilik işinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança boldy. Munuň özi 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar; söwda, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sebitleýin integrasiýa; infrastruktura we arabaglanyşyk; howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek; serişdelerden netijeli peýdalanmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde zenanlaryň ornunyň uludygyny görkezýär.
Duşuşygyň dowamynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, zenanlaryň hukuklarynyňdyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň DÇBÖBD-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge wajyp goşant boljakdygyna üns çekildi we bu ugurda degişli teklipler beýan edildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ilatynyň ýarysyny düzýän zenanlaryň bilim we saglyk hyzmatlaryna elýeterliliginiň, olaryň ykdysady mümkinçilikleriniň, çözgütleri kabul etmekde eýeleýän ornunyň çäkli bolmagy ýaly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmakda kynçylyklary döredýär. Bar bolan meseleleri çözmek üçin maksatnamanyň wezipelerini, hususan-da, ýokary hilli bilime, saglygy goraýyş hyzmatlaryna, sanly tehnologiýalara elýeterliligiň artdyrylmagyny, telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagyny öz içine alýan ugurlary DÇBÖBD-niň milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmak zerurdyr. Şunuň bilen bir hatarda, DÇBÖBD-de hemmeler üçin deňhukukly, durnukly jemgyýetleri döredýän syýasaty emele getirmek işinde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek möhümdir.
Soňky ýyllarda zenanlaryň syýasata gatnaşmagy jemgyýetçilik, ykdysady özgertmeler baradaky halkara forumlarda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin dürli maksatnamalary döretmek arkaly bilime gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmagyň, zenanlaryň başlangyçlaryny goldamak boýunça maliýeleşdirme maksatnamalary arkaly zenanlar telekeçiligini ösdürmegiň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlar guramalarynyň arasynda raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle-de duşuşykda zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmegiň durnukly ykdysady ösüş üçin zerur şert bolup durýandygy, şoňa görä-de, her bir zenanyň öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän gurşawy döretmek üçin döwlet düzümlerinden başlap, hususy ulgama, raýat jemgyýetine çenli ähli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy tassyklanyldy hem-de zenanlaryň syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagynyň has inklýuziw netijeleri gazanmaga ýardam berýändigi bellenildi. Mundan başga-da, zenanlaryň ykdysady we syýasy durmuşa giňden gatnaşmagyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi işjeň dowam etdirmek, bu ugurda dürli çäreleri we işewürlik forumlaryny guramak zenanlary Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge giňden çekmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Ýokarda beýan edilenler bilen baglylykda, Türkmenistanda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekmek gerek. Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmekde, olaryň bähbitlerini goramakda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alynýar. Hususan-da, ýurdumyzyň gender deňligi babatda gazanan üstünlikleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň erkekleriň we zenanlaryň döwleti dolandyrmak işlerine deňhukukly gatnaşmagy, olaryň iş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuk gurallaryny hem-de kepillikleri berýändigini bellemek gerek. Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesine eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw tapýar.
Türkmen zenanlary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň 40 göteriminden gowragy zenanlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda olaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Munuň özi jemgyýetiň durnukly, sagdyn ösüşine oňyn täsir edýär. Türkmenistanda zenanlaryň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşa gatnaşygyny giňeltmek maksady bilen, ýörite taslamalar durmuşa geçirilýär, netijede, türkmen zenanlary döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik işlerinde ýolbaşçy wezipeleri eýeleýärler.
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde zenan ýolbaşçylaryň göreldesi we gatnaşygy zerurdyr. Häzirki zaman jemgyýetinde olar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Şunuň bilen bir hatarda, zenan ýolbaşçylar adamlary gender deňligine ruhlandyryp, özgertmeleriň nyşany bolup durýarlar. Olaryň halkara işlere gatnaşmagy çözgütleri kabul etmekde has inklýuziw çemeleşmäni gazanmaga ýardam berýär. Zenan ýolbaşçylaryň üstünlige ýetmekde geçen ýoly millionlarça adamy, aýratyn-da, ýaşlary ruhlandyrýar. Munuň özi tutanýerlilik bilen islendik sepgitlere ýetip boljakdygyny görkezýär. Zenan ýolbaşçylar diňe bir üstünlikli hünärmenler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýeti özgerdýän ýolbaşçylaryň täze nesline öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin hem nusga bolýan şahsyýetlerdir. Olar çagalaryň hukuklaryny goramakda, bilim-terbiýe işinde, ynsanperwer ulgamlarda möhüm orny eýeleýärler. Zenan ýolbaşçylaryň bu ugurlarda alyp barýan işi sagdyn, bilimli jemgyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Awazada geçirilen duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň zenanlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän orny baradaky çykyşy aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çykyşda bellenilişi ýaly, ykdysady, durnukly ösüş barada aýdylanda, bu işiň aýrylmaz bölegi bolup durýan zenanlaryň ähmiýetli ornuna ünsi çekmezlik mümkin däl. Zenanlar öz dürli mümkinçiliklerini ulanyp, jemgyýetiň abadançylygyna, ösüşine uly goşant goşýarlar. Ýöne ösüş diňe tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösüşi hem-de innowasiýalar bilen çäklenmeýär. Bu düşünje tutuş taryhyň dowamynda özüniň ukyplylygyny subut eden ruhy-ahlak gymmatlyklary, durmuş institutlary bilen baglanyşyklydyr. Ula hormat goýmak, ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklar, däp-dessurlaryň dowamlylygy, sylag-hormat, halallyk, geçirimlilik, jogapkärçilik maşgala terbiýesiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlara ene bolmak, maşgala ojagyny goramak ýaly beýik, asylly we örän möhüm wezipe berilýär. Çaganyň ömrüniň ilkinji gününden başlap, enäniň öňünde ony durmuşa ugrukdyrmak we geljeginiň berk binýadyny goýmak boýunça jogapkärçilik durýar.
Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde wajyp orun eýeläp, maşgalany, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär. Türkmenistanda zenanlar ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde, hususy pudakda zähmet çekýärler, döwlet häkimiýet edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýärler. Türkmenistanda zenanlaryň eýeleýän orny gender deňligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn strategiýa bilen kesgitlenilýär. Bu strategiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara borçnamalara hem-de Pekin jarnamasynyň, Hereketleriň platformasynyň maslahatlaryna, Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýa laýyklykda, erkeklerdir zenanlar üçin deň hukuklary we azatlyklary üpjün edýär.
Oguljahan Atabaýewa çykyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde bu düzümiň alyp barýan işleri barada hem durup geçdi. Bellenilişi ýaly, gaznanyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Gazna hemaýata mätäç çagalara tölegsiz lukmançylyk kömegini bermek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýurdumyzyň beýleki degişli edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berilýär. Şu ýyl gaznanyň esaslandyrylmagynyň dört ýyllygy bellenildi. Şol döwrüň içinde ol köp sanly haýyr-sahawat çärelerini, şol sanda 500-den gowrak neýrohirurgik, ortopedik, kardiohirurgik operasiýalary maliýeleşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermegiň, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmegiň zerurdygy hem-de eneligi, çagalygy goramagyň, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmegiň, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
O.Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň zenanlaryň we çagalaryň bähbidine ähli wajyp ynsanperwer taslamalara işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny hem-de ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň beýan eden teklipleri jemgyýetde durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň ornunyň möhümdigini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Resminamada Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň orny, inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin DÇBÖBD-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini üpjün etmegiň zerurdygy ykrar edilýär. Mundan başga-da, resminama ähli ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplary durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmäge, zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işlere deňhukukly gatnaşmagy üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Resminamada 12 sany maksat beýan edilýär. Ilkinji nobatda, DÇBÖBD-de syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik durmuşyna degişli çözgütleri kabul etmegiň ähli tapgyrlaryna zenanlaryň doly hukukly we netijeli gatnaşmagyny üpjün etmegiň hem-de ýolbaşçylyk üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyna üns çekilýär. Munuň üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda döwlet we hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda milli, sebit we dünýä derejesinde gender deňligini ilerletmek üçin köpçülikleýin, utgaşdyrylan, anyk çäreleri görmek, gender deňligini we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny ileri tutýan syýasatlary, milli ösüş meýilnamalaryny kabul etmek hem-de durmuşa geçirmek, DÇBÖBD-de zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn kynçylyklaryny çözmek üçin anyk çäreleri kesgitlemek boýunça tagallalary birleşdirmek teklip edilýär.
Degişli kärhanalara we telekeçilige maýa goýumlary çekmek arkaly zenanlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meselesine hem üns çekilýär. Mundan başga-da, resminamada DÇBÖBD-de zenanlaryň ýokary hilli bilime elýeterliligini we başarnyklaryny ösdürmegiň, şol sanda STEM (Ylym, Tehnologiýalar, Inženerçilik, Matematika) ylymlaryna wekilçiligini artdyrmagyň olaryň kämilleşmeginde, syýasy başlangyçlarda ornunyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigi ykrar edilýär. Saglygy goraýyş infrastrukturasyny we hyzmatlaryny gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi zenanlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, olaryň DÇBÖBD üçin geljek onýyllyga niýetlenen ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine doly we netijeli goşant goşup bilmekleri üçin zerurdyr. Resminamada Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň binýadynda bu ýurtlarda gender deňliginiň amala aşyrylyşynda gazanylýan ösüşe gözegçiligi ýola goýmaga hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Umuman, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde her bir zenanyň mümkinçiliklerini hem-de hukuklaryny giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalara itergi berip, olaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eýeleýän möhüm ornuny aýdyň görkezdi.