Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş
Teswirlemeler
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş
Çap edildi 27.08.2025
89

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre bu ýurtlarda ýokary ulag çykdajylary, üstaşyr geçelgelere zerurlyk we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda mümkinçilikleriň çäkli bolmagy bilen bagly meseleleri çözmekde sanly özgertmeleriň ornuna bagyşlandy. Çärä DÇBÖBD-niň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, iri maliýe edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmek üçin ählumumy derejede tagalla edilýändiginiň güwäsi boldy.

Häzirki döwürde sanly ulgam dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe itergi berýän güýç hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde, hyzmatlar ulgamynda harajatlary azaltmaga, dünýäde bolup geçýän özgertmelere çalt uýgunlaşmaga ýardam edýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Sanly özgertmeler bilim, saglygy goraýyş, söwda, döwlet dolandyryşy ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, elektron täjirçilik, harytlar we hyzmatlar üçin onlaýn platformalar, sanly maliýe gurallary DÇBÖBD-niň dünýä bazarlaryna goşulyşmagyny ýeňilleşdirýär. Sanly tehnologiýalar bilim we hünär taýýarlygy ugurlarynda giňden ulanylýar. Onlaýn okuw platformalary dünýäniň akademiki, ylmy merkezlerine fiziki integrasiýa mümkinçilikleri çäkli bolan ýurtlar üçin öňdebaryjy bilimlere, innowasion tejribä elýeterliligi üpjün edýär. Bu diňe bir adam maýasyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli innowasion ulgamy ösdürmek üçinem zerur bolan binýady döredýär.

Döwlet dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Elektron hökümet ulgamlarynyň we sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy administratiw amallary ýeňilleşdirmäge, döwletiň, işewürligiň, raýatlaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hususan-da, ol bilim we saglygy goraýyş ýaly möhüm ugurlarda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulag we logistika ulgamlarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Bu tehnologiýalara esaslanýan öňdebaryjy dolandyryş ulgamlary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, çykdajylary ep-esli azaltmaga ýardam berýär. Ählumumy derejede sanlylaşdyrmak boýunça uly ösüşleriň gazanylandygyna garamazdan, DÇBÖBD-niň aglabasy telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüş derejesiniň, internetiň ýaýrawynyň pesligi, sanly hyzmatlar üçin çykdajylaryň örän ýokary bolmagy ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamyndaky çykyşlarda bu ulgamlara maýa goýumlary işjeň çekmekde, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sanly mümkinçiliklere deň elýeterliligi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar, innowasiýalar ýaly ileri tutulýan ugry sanly arabaglanyşyk bilen bagly birnäçe maksatlary hem-de borçnamalary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda emeli aň we beýleki sanly tehnologiýalar ulgamynda ýurtlaryň arasynda deňeçer ösüşi ýola goýmak, bilim, tejribe alyşmak üçin sebitleýin sanly platformalary döretmek, täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda çuňlaşdyrylan analitika, emeli aň, awtomatlaşdyrma tehnologiýalary ýaly ulgamlarda habarlylygy ýokarlandyrmak, sanly infrastruktura baglanyşygyny gowulandyrmak, tehnologik innowasiýalara elýeterliligi üpjün etmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sanly ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmek, bu ýurtlar üçin milli sanly strategiýalary işläp taýýarlamakda, netijeli sanly arabaglanyşygy gazanmakda, milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we amatly şertleri döretmekde goldaw bermek ýaly wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipelere ýetmäge ýardam etmäge gönükdirilen tejribelerdir taslamalar tanyşdyryldy. Şolaryň arasynda «Partner2Connect» başlangyjy, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň sanly infrastruktura maýa goýumlar boýunça başlangyjy, Ýewropa Bileleşiginiň käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly sanly özgerişe ýardam bermek boýunça başlangyjy bar. Olaryň durmuşa geçirilmegi ählumumy hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirip, maýa goýumlary çekmek hem-de infrastrukturany ösdürmek üçin anyk mehanizmleri üpjün eder. Bu bolsa DÇBÖBD-de sanly ulgam bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge, bu ugurda tagallalary birleşdirmäge goşant bolar.

Çäräniň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda sanly integrasiýany üstünlikli amala aşyrmak üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, diňe tagallalary birleşdirmek arkaly DÇBÖBD-niň öz mümkinçiliklerini açyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetip hem-de ählumumy sanly özgerişiň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp biljekdikleri nygtaldy. Forumda Türkmenistanyň sanly ulgamy ösdürmekde gazanan üstünliklerine üns çekilip, bu ugurda dowam edýän işlere ýokary baha berildi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şol sanda sanly ulgamyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, nou-haularyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Degişli infrastrukturany yzygiderli ösdürmek bilen, Türkmenistan ählumumy sanly giňişlige işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda milli telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, internetiň ýaýrawyny giňeltmäge, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ösen sanly çözgütleri ornaşdyrmaga gönükdirilen strategik maksatnamalar amala aşyrylýar. Şunda durmuş-ykdysady we durnukly ösüşe gönüden-göni goşant goşýan häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa hyzmatlarynyň ilata giň elýeterliligini üpjün etmek boýunça şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Bu işler ýurdumyzyň halkara söwda ulgamyna, ykdysady, ylmy we tehniki taslamalara has işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem möhüm ugur hökmünde garalýar. Türkmenistan öňdebaryjy IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi ösen tejribäni öwrenmäge, maýa goýumlary çekmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga itergi berýär. Şeýle-de ol Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Ulag ulgamy-da deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde arabaglanyşyga bagyşlanan çäräniň gün tertibinde orun alan esasy meseleleriň biri boldy. Çünki bu ulgam islendik döwletiň ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Ol döwletlere we sebitlere uly ykdysady, syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri bilen baglylykda, bu ugry ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä, çäräniň dowamynda ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we başlangyçlar, bu ugurda alnyp barlan işleriň üstünlikli nusgalary tanyşdyryldy. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, multimodal ulgamlary ösdürmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmegiň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Halkara guramalaryň goldawy, iri halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bu ýurtlarda durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek, üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek üçin berk binýady döretmäge ýardam berer. Munuň özi Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ulag ulgamy bilen baglanyşykly wezipelerini ýerine ýetirmekde, hususan-da, döwrebap, howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Maksatnamada erkin üstaşyr geçirmegiň esasynda ulagyň ähli görnüşlerinde deňze bökdençsiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, şunuň bilen bagly beýleki çäreleri görmegiň wajypdygy nygtalýar. Şeýle hem ulag çykdajylaryny azaltmagyň, talabalaýyk üstaşyr ulag infrastruktura ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygy tassyklanylýar. DÇBÖBD-niň deňhukukly, köptaraplaýyn söwda ulgamyna gatnaşygyny giňeltmek bu ýurtlaryň ykdysady ösüşi, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamada bu ýurtlaryň dünýä bazarlary bilen baglanyşygyny ösdürmek, netijeli üstaşyr geçirmegi gazanmak, ulag çykdajylaryny azaltmak üçin ulag geçelgeleriniň ähmiýeti bellenilýär.

Forumda ulag ulgamlaryny ösdürmekde ekologik talaplara hem aýratyn üns çekildi. Şunda degişli işler durmuşa geçirilende daşky gurşawyň abadançylygynyň üpjün edilmegini nazara alýan we howada kömürturşy gazynyň derejesini peseltmäge ýardam berýän toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigi nygtaldy. Bu babatda energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy, ulag ulgamynyň durnukly ösüşini goldaýan kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem howanyň üýtgeýän şertlerinde ulag ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge ukyply infrastrukturany ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Ulag akymlaryny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ösdürmek, ýolagçy we ýük daşamalary artdyrmak zerurdyr. Üstaşyr ýük daşamalarda döwrebap tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy ulag ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam berýär. Şunda maglumatlary alyşmak üçin elektron platformalaryň döredilmegi, gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, multimodal ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda ýokarda agzalan wezipeleri durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem önümçilik klasterlerini, logistika merkezlerini ösdürmäge ýardam berýän durnukly ulag ulgamlaryny döretmekde sebit başlangyçlarynyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli we ygtybarly üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etmekde esasy orny eýeleýän Hazarüsti halkara ulag ugruna aýratyn üns çekildi. Ýük daşamalaryň wagt aralygyny, çykdajylary peseltmäge ýardam berýän innowasion logistika we maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly bu ugry mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu ugur ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmekde örän ähmiýetli geçelgeleriň biridir. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Hazarüsti geçelgäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar. Geçen ýyl paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň, halkara maliýe institutlarynyň, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda ulag-kommunikasiýalar pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Diýarymyzda durnukly ösüşiň we sebit integrasiýasynyň wajyp şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köpşahaly toruny emele getirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ulag ulgamlaryny birleşdirmäge, arabaglanyşygy gowulandyrmaga, multimodal geçelgeleri ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmaga we ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça hem iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini giňeldýär, halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşyp, halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny işjeňleşdirmek, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigini hem nygtamak gerek. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Hususan-da, Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Umuman, bu forum BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen netijeli halkara dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýetli çäre hökmünde, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde DÇBÖBD-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek, netijede, ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin berk binýady döretmekde wajyp ädimleriň biri boldy.

Soňky habarlar
27.08
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş
27.08
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.08
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
26.08
Umumy abadançylygyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
25.08
Parlament forumy: ählumumy hyzmatdaşlyga çagyryş
24.08
Ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow