Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly birnäçe iri desgalaryň açylmagyna ak pata berdi. Munuň özi Diýarymyzda baş baýramymyzy şanly wakalara, zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşylamagyň asylly däbe öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmeginiň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şeýle hem olar döwrebap obanyň açylyp ulanmaga berilmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini belläp, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze Döwletli mekan obasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.
Ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäher we oba ýerleriniň keşbi düýpgöter özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzyň sebitlerinde ähli amatlyklary bolan döwrebap obalardyr şäherçeler yzygiderli ulanmaga berilýär. Watanymyzyň ykdysady we döredijilik kuwwatyny görkezýän bu işler diňe bir oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrman, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, täze ilatly ýerleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem itergi berýär.
Geňeşligiň edara binasynda işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Saglyk öýünde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, oba ilatyna zerur saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda zerur şertler döredilipdir. Ýanaşyk ýerde gurlan dermanhana bolsa oba ýaşaýjylaryny lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün eder. Täze obada gurlan iki gatly umumybilim berýän orta mekdebiň we çagalar bagynyň mümkinçilikleri diňe bir Döwletli mekan obasynyň däl, eýsem, oňa ýanaşyk ilatly ýerleriň çagalarynyň hem döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin şert döredýär. Mekdepde multimedia enjamlary ornaşdyrylan synp otaglary, mejlisler otagy, üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary, kömekçi desgalar hereket edýär. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly baglar oturdylypdyr.
Söwda merkezinde ilatyň gündelik sarp edýän azyk we hojalyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrmak mümkindir. Ýeri gelende bellesek, obasenagat toplumy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy oba hojalygynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Oba zähmetkeşleri döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bazarlaryň ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja önümleri, miweler we beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap öýlerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Öýleriň taslamasy düzülende, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary we zerurlyklary göz öňünde tutulypdyr. Her öýüň howlusynda mellek ýerleri, şol sanda hojalyk zerurlyklary üçin telärler, awtoulag üçin ýörite ýer hem-de inženerçilik-tehniki düzümler döredilipdir. Öýleriň otaglarydyr aşhanasy milli we häzirki zaman binagärliginiň ýörelgeleri esasynda bezelip, ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilipdir. Munuň özi ilatymyzy ýokary amatlykly öýlerde ýaşatmak boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Täze obadaky döwrebap öýlere göçüp gelen maşgalalar, asylly däbe görä, dabaranyň myhmanlaryna toý pişmelerini hödür etdiler. Her öýde gazanlar atarylyp, jaý toýlary tutuldy. Döwrebap öýleriň ýanynda türkmeniň gadymy oba durmuşyny we toý däplerini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Gelnalyjynyň gelmegi bilen ýaýbaňlandyrylan durmuş toýy täze obanyň açylmagy mynasybetli dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Munuň özi ýurdumyzda toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýändiginiň aýdyň beýany boldy. Çaganyň diş, galpak toýlary bilen bagly däpler hem dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Şeýle-de bu ýerde türkmen milli göreşi, ýaglyga towusmak boýunça ýaryşlar guraldy. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.
Täze öýlerde jaý toýlaryny toýlaýan maşgalalaryň şatlygyny paýlaşmak üçin dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň bu ýere ýygnanmagy hem halkymyzyň agzybirliginiň, milli ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nyşany boldy. Asylly däbe eýerip, olar täze öýleri ýüzüne sylyp, olaryň eýelerini gutladylar.
Döwrebap Döwletli mekan obasyna göçüp baran bagtyýar maşgalalar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.