Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
Teswirlemeler
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
Çap edildi 11.09.2025
39

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama hem Türkmenistanyň başyny başlan parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň logiki dowamy bolup durýar. Bu resminama diňe bir 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede parahatçylyk söýüjilik, öňüni alyş diplomatiýasy taglymatynyň yzygiderli tarapdary hökmünde Türkmenistanyň başlangyçly ornuny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ozalky resminamalar bu taglymatyň konseptual binýadyny goýan bolsa, täze Kararnama olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forum agzalan Kararnamanyň çäklerinde guraljak esasy çäre bolar.

Häzirki geosyýasy ýagdaýlarda bu resminama döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerini beýan edip, durnukly parahatçylygy diňe işjeň dialog, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk arkaly üpjün edip bolýandygyny nygtaýar. Degişli Kararnama Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň logiki netijesidir. Ýurdumyz 1995-nji ýyldan bäri daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk doktrinasyndan ugur alýar. Türkmenistanyň bu hukuk derejesi adaty bitaraplykdan tapawutlylykda, diňe bir harby bileleşiklere goşulmazlyk däl-de, eýsem, daşary syýasatyň netijeli we döredijilikli görnüşi bolup, halkara meseleleriň parahatçylykly gurallar arkaly çözülmegine işjeň gatnaşmaga esaslanýar. Döwletimiziň Bitaraplyk doktrinasynyň binýatlaýyn ýörelgeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, ýurdumyz islendik jedelli meseleleri çözmek üçin diplomatiýanyň esasy guraly hökmünde dialogyň we gepleşikleriň ulanylmagy ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ilerledýär. Bu ýörelge ýüze çykmagy mümkin bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, bu babatda diplomatik taýdan hereket etmegiň mehanizmlerini döretmek üçin esas bolup durýar.

Türkmenistan abadançylygyň durnukly ykdysady, durmuş we ekologik ösüş bilen berk baglanyşyklydygyndan ugur alyp, BMG-niň işiniň durnukly ösüş, parahatçylyk, howpsuzlyk, adam hukuklary ýaly esasy ýörelgeleriň özara sazlaşyklylygynyň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň hut şeýle çemeleşmesi ýurdumyza sebit hem-de dünýä döwletleriniň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, dialog, hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly köprüleri gurmaga mümkinçilik berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ozal kabul edilen iki sany möhüm resminamanyň — “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň dowamy bolup durýar. 2025-nji ýyl bilen bagly resminama ozalky iki Kararnama salgylanyp, her bäş ýyldan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek ýörelgesiniň düzümleýin binýadyny döredýär hem-de bu başlangyjy ählumumy parahatçylyk döredijilik taglymlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli gurala öwürýär.

Resminamanyň giriş böleginde esasy halkara namalara we konsepsiýalara salgylanylýar. Ol BMG-niň binýatlaýyn ýörelgelerini tassyklamak bilen başlanyp, olaryň mizemezdigini nygtaýar. Şeýle-de Kararnama “parahatçylyk” diýen düşünjäni giňeldip, ony giň gatnaşyga esaslanýan oňyn proses hökmünde kesgitleýär. Munuň özi dialogyň, birek-birege hormat goýmagyň we hyzmatdaşlygyň zerurdygyny görkezýär. Parahatçylyk konsepsiýasy ählumumy meseleleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Resminama öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekýär. Bu bolsa köp ýyllaryň dowamynda, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň üsti bilen bu mehanizmi işjeň ösdürýän Türkmenistanyň goşandynyň ykrar edilmegidir. Kararnama parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynyň möhümdigini hem nygtaýar. Onda zenanlaryň we ýaşlaryň orny aýratyn bellenilip, bu bolsa durnukly netijeleri gazanmak üçin diňe inklýuziw çemeleşmäni ykrar edýän häzirki zaman tagallalaryna laýyk gelýär.

2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edýän Kararnamanyň giriş böleginde birnäçe döwletleriň yglan eden we alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny aýratyn nygtalýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň diňe bir ykrar edilmän, eýsem, iň ýokary halkara derejede goldanylýandygynyň hem güwäsi bolup durýar. Kararnamanyň esasy bölegi onuň many-mazmunyny anyk hereketlere gönükdirip, ony diňe bir resminama däl-de, eýsem, degişli ugurda işler üçin gollanma öwürýär. Resminamanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky esasy bendi ähli çäreleri durmuşa geçirmek üçin anyk wagt aralygyny kesgitleýär hem-de bu gün tertibine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekýär.

Kararnama halkara bileleşigi parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin dialogy, gepleşikleri ulanmaga çagyrýar. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem resminama ÝUNESKO ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmäge işjeň ýardam bermegi teklip edýär. Ol BMG-niň ähli agza döwletlerini, raýat jemgyýetini, hususy pudagy, ylmy jemgyýetçiligi ýylyň çäklerindäki çärelere işjeň gatnaşmaga, parahatçylygy üpjün etmek işine goşandyny goşmaga çagyrýar. Resminama Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň dekabrynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky teklibini kanagatlanma bilen kabul edýär. Munuň özi ýurdumyzyň anyk başlangyjynyň resmi taýdan goldanylmagy bolup, halkara jemgyýetçiligiň Türkmenistana bildirýän uly ynamynyň aýdyň nyşanydyr.

Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny hem-de Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny hem görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasatyna ynamy has-da pugtalandyrýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu waka Türkmenistanyň degişli başlangyjyň çäklerinde dünýä diplomatiýasynyň merkezine öwrülmegini şertlendirer. Forum tejribe alyşmak, ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolup, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyk döredijilik ulgamynda ornuny pugtalandyrmaga, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine ünsi çekmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň tejribesi beýleki döwletler üçin nusgalyk görelde bolup, bitaraplyk ýörelgeleriniň, öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin kuwwatly gurallar bolup durýandygyny, halkara giňişlikdäki işjeň ornuň bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdine netijeli goşant goşmaga amatly şertleri döredýändigini görkezýär. Degişli Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi adaty resminamanyň çäginden çykýan çuňňur geosyýasy ähmiýete eýedir. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak konsepsiýasy ählumumy wehimlere garşy netijeli çözgüt bolup durýar. Kararnama döwletlere olaryň syýasy garaýyşlaryna garamazdan, umumy maksatlary gazanmak üçin köpugurly meýdançany teklip edýär hem-de durnukly halkara gurşawy döretmäge ýardam berýär.

Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň ykdysady ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly energetika howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, ekologiýa diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hem wajyp meýdança bolup hyzmat edýär. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýalaşdyrylan ugurlarynyň döredilmegi, sebitleri birleşdirýän ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleleriň bilelikde çözülmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr bolup, Türkmenistanyň yzygiderli we işjeň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hususan-da, jemleýji forumy Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň goldanylmagy halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy ilerletmek işinde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuny ykrar edýändigini görkezýär.

Bu Kararnama gazanylan netijeleri berkitmek bilen çäklenmän, geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri hem açýar, dialoga we ynanyşmaga esaslanýan parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar üçin binýat bolup hyzmat edýär. Bu prosesiň hereketlendiriji güýji bolan Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek üçin netijeli gurala öwrülendigini nobatdaky gezek subut edýär.

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty ählumumy derejede ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan has adalatly halkara gatnaşyklar ulgamyny döretmäge goşant goşup, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşmegini dowam edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine-de ýardam berip, parahatçylygyň diňe dialog we hyzmatdaşlyk arkaly gazanylýandygyny subut edýär.

Soňky habarlar
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
09.09
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr
top-arrow