Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 19.09.2025
1973

Ata Watanymyz ähli ugurlarda buýsandyryjy netijeleri gazanyp, Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara besleýär. Agzybirligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň mekanyna öwrülen güneşli Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan oňyn Bitaraplyk daşary syýasaty bilen bütin dünýäde uly abraý-hormata eýe bolýar.

Garaşsyz ýurdumyzda gazanylan ýeňişlerde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzdan galan milli däplerimize laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesil uly işleri bitirýär. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli her başlangyja olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde hem hormatly ýaşulularymyz netijeli işleri alyp barýarlar.

Uly özgerişlere beslenip, barha öňe barýan agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Nuryýewiç Orazowa,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Annaberdi Gulmyradowa,

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäherindäki Hezreti Osman metjidiniň baş ymamy Sadyk Nepesowiç Sähetowa,

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Orazguly Karataýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Çarygeldi Aşyrowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman bakteriology Saparmyrat Jotdyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kürengala geňeşliginiň Kürengala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Tagandurdy Tekäýewiç Öwezberdiýewe,

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirliginiň 35000m3 deňiz suwuny süýjediji desgasynyň sakçysy Şadurdy Mämmetgylyjowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tagangeldi Işangulyýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmämmet Gurbannazarowiç Eşerowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Kamil Sadullaýewiç Rozmetowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Annagara obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Jummulowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Garaporsaň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Annageldi Nazarowiç Gurbanseýidowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepguly Meretgulyýewiç Öwezowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýkuly Babakulyýewiç Ereşowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Çandyr obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kurbanbaý Rozybaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýewe,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň J.Atajanow adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Begmuhammet Annanurowiç Hojaberdiýewe,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Söýünalybedeň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Nuryýewiç Hojiýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.

Soňky habarlar
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.11
Awazada halkara forum geçirilýär
03.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow