Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
Teswirlemeler
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
Çap edildi 06.10.2025
41

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmagyň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika ýaly esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýurdumyz BMG-niň çäklerinde ýokarda agzalan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli we özara bähbitli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup, sebit hem-de ählumumy ulag we energetika gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga wajyp goşant goşýar. Bu teklipleriň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolmagy olaryň möhümdigini we uly ähmiýete eýedigini subut edýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar hem aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň biri hökmünde ulag ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigine düşünip, giň gerimli we utgaşykly ugurdaş infrastrukturanyň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitara we yklymara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzak möhletleýin geljege gönükdirilendir. Ol Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ýollaryň ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geografik mümkinçiliklerinden, üstaşyr ulag, logistika kuwwatyndan ýokary derejede peýdalanmaga esaslanýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça multimodal ulag geçelgelerini ösdürmegi teklip etmek bilen, ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görýär.

Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek başlangyjy hem wajyp ähmiýete eýedir. Onuň binýadynda netijeli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Ýewraziýa yklymynyň sebitlerini özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleriň göz öňünde tutulmagy, integrasiýa proseslerini höweslendirmek ýörelgelerine esaslanýan bitewi geoykdysady giňişlige birikdirmek ýaly maksatlar durandyr. Ýurdumyzyň geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky öňe süren teklibi hem bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu gezekki ýubileý sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek başlangyjyny öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň münberinden bu teklibi beýan edip, bu ädimiň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

80-nji sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda ýurdumyzyň ulag boýunça Aşgabat prosesiniň mundan beýläk-de ösdürilmegini ilerletmegi ugur edinýändigi hem-de onuň binýadynda halkara we sebit derejesinde ulag başlangyçlaryny utgaşdyrmak üçin netijeli platformany döretjekdigi bellenilýär. Munuň özi taslamalaryň durmuşa geçirilmegini sazlaşdyrmagy üpjün edip, durnukly ählumumy ulag arhitekturasynyň döredilmegini tizleşdirer. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat prosesine 2016-njy ýylyň noýabrynda BMG-niň howandarlygynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlendigini nygtamak gerek.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegine möhüm orun degişlidir. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bu strategik pudakda netijeli, adalatly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek işine işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz energetika ulgamyna degişli birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde türkmen tarapynyň öňe süren Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyjy-da bar.

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak we dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, iri ugurdaş taslamalary öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Şol bir wagtyň özünde pudaga ekologik taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi we geljek ýyldan başlap Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemek baradaky başlangyç hem Türkmenistanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzyň bu teklibini beýan etdi. Nobatdaky sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda bellenilişi ýaly, bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berer.

Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş babatda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyz bu prosesiň deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýandygyny nygtaýar. Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi hem meýilleşdirýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmekde ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ýurdumyzyň BMG hem-de onuň ugurdaş edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan onlarça halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşulmak bilen, bu babatda möhüm ählumumy wezipeleri çözmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürüp, özara ylalaşylan bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny tassyklaýar. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri dowam etdirjekdigini, bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat edinýändigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny öňe sürdi. Biziň ýurdumyz şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip hasaplaýar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini aýtdy. 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Munuň özi sebit we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli pugtalandyrmak ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazar deňziniň gaýtalanmajak ekoulgamyny we biodürlüligini gorap saklamak, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, baý serişdelerini rejeli ulanmak Hazarýaka döwletleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň wajyp bölegidir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk boýunça möhüm resminamalaryň taýýarlanylandygyny we kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topar döredilip, onuň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda her ýyl Hazar deňziniň güni bellenilip, onuň çäklerinde maslahatlar, gepleşikler we beýleki çäreler guralýar.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler barada aýdylanda, ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Merkeziň işi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek, ekologiýa innowasiýalary ýaly ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdiriler. Şunda Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna we howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, olaryň durmuşa geçirilmegine, şol sanda energetika, senagat hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna örän jogapkärli çemeleşýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu halkara borçnamadan gelip çykýan wezipeleri çözmek maksady bilen, 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy we ol häzirki wagtda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen “Metan zyňyndylary boýunça duýduryş we çäre görüş ulgamy” (MARS) atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisi döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigine şaýatlyk edýär.

Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda Durnukly ösüş maksatlary bilen gönüden-göni baglanyşygy bolan suw meselesi hem aýratyn orun eýeleýär. Suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy we adalatly paýlanylmagy bu meselede möhüm şertdir. Ýurdumyz halkara hukugyň berjaý edilmegi; özara bähbitleriň hasaba alynmagy; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çekilmegi ýaly esasy üç kada esaslanyp, suw meselesine toplumlaýyn esasda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda ýurdumyz Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin Konwensiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini ilerleder. Bu halkara hukuk resminamalary Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdelerini durnukly, adalatly we netijeli dolandyrmak ulgamynda ylalaşykly çemeleşmeleridir gurallary işläp taýýarlamak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Bu resminamalaryň kabul edilmegi diňe bir sebitde ekologik hem-de azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek bilen çäklenmän, parahatçylygyň, durnuklylygyň, durnukly ösüşiň uzak möhletleýin arhitekturasyny kemala getirmekde-de möhüm ädim bolar. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky degişli Kararnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň esasy ugurlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça çäreleri meýilnamalaýyn esasda dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Sebitde möhüm ekologiýa, suw we durmuş-ykdysady meseleleri çözmegi maksat edinýän bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda we durmuşa geçirilmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyna wajyp orun degişlidir. Aral deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň Merkezi Aziýanyň çäginden daşarda hem ähmiýetlidigi jedelsiz hakykatdyr. Munuň özi abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen işjeň hyzmatdaşlykda döwletara gatnaşyklar ulgamy üçin berk binýadyň döredilmeginiň zerurlygyny şertlendirýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça sebit we ählumumy dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan iri halkara forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şolaryň hataryndadyr. Onuň çäklerinde ulag, energetika, sanly ösüş, ekologiýa we howa ulgamlarynda möhüm meselelere bagyşlanan birnäçe tematiki “tegelek stol” maslahatlary, ýokary derejeli forumlar, ugurdaş çäreler guraldy.

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadýan Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutuş adamzadyň bähbidine öz döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalşyp, BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.10
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.A.ÇARYÝEW hakynda
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.N.AÝAZOW hakynda
top-arrow