Baş sahypa
\
Sport
\
AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Balkan” myhmançylykda “Dordoý” topary bilen deňme-deň oýnady
Sport
AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Balkan” myhmançylykda “Dordoý” topary bilen deňme-deň oýnady
Çap edildi 31.01.2017
2590

Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady. Ilkinji sekuntlardan başlap, gyrgyzystanlylar biziň futbolçylarymyzyň derwezesine ençeme hüjümleri geçirdiler. Ýöne “Balkanyň” goragy hem-de derwezeçi Alikper Kerimowyň ussatlyk bilen oýnamagy hasaby açmak üçin hemme synanyşyklaryň öňüni aldy. Birnäçe howply pursatlary döreden biziň türgenlerimiziň yhlaslary hem garşydaş derwezebanyň şeýle oýnamagyna getirdi. Birinji ýarymda hasap açylmady. Arakesmeden soň, Türkmenistanyň topary tizligini artdyryp, “Dordoýyň” ýarym meýdançasynda oýnamaga geçmegi başardy. Ine-de 67-nji minutda biziň hüjümçimiz Nurtagan Mämmedalyýewiň ajaýyp urgusyndan soň, pökgi derwezä girdi: “Balkan” 1:0 hasap bilen öňe saýlandy. 78-nji minutda bolsa Alişer Azizow kelle urgusyny geçirip, hasaby deňledi. Bu hasap jemleýji jürlewüge çenli üýtgemän galdy. Şeýlelikde, 7-nji fewralda “Balkan” öz öýünde “Dordoýy” kabul eder. Bu duşuşygyň ýeňijisi indiki tapgyrda “Hosilot” (Täjigistan)- “Şahin Asmai” (Owganystan) toparlarynyň arasyndaky oýunyň ýeňijisi bilen duşuşmaga çykar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow