Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge hem-de dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli itşynaslyk sungaty hem aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, taryhyny we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy halkara guramalar we assosiasiýalar, ýuridik taraplar hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny öňe sürýär. Munuň özi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga uly ýardam berer.
...Forum başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň gahrymançylykly we wepaly keşbi çeper beýanyny tapyp, myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli möhüm meseleler girizildi. Şeýle hem assosiasiýanyň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň däplerini we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli çözgütleri kabul etdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan medeni gymmatlygydyr. Alabaýlar tutuş dünýäde güýç-kuwwaty, akyllylygy we wepalylygy bilen meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary örän uludyr. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigini, onuň kinologlar we birnäçe ugruň hünärmenleri, giň okyjylar köpçüligi üçin aýratyn gymmatlydygyny nygtadylar.
Häzirki wagtda türkmen alabaýlarynyň Ýer ýüzünde meşhurlygyny artdyrmak babatda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Bu ugurda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerini aýratyn nygtamak gerek. Bu düzüm alabaýlaryň tohum-seçgiçilik işlerini dowam etdirmekde, olaryň ganynyň arassalygyny we mahsus sypat-aýratynlyklaryny gorap saklamakda, milli itşynaslyk mekdebini ilerletmekde hem-de döwrebap çemeleşmeler arkaly baýlaşdyrmakda uly hyzmatlary bitirýär.
Mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Sport-amaly itçilik federasiýasynyň tälimçisi, kinolog-gözükdirijisi, Akdost atly türkmen alabaýynyň tälimçisi Mariýa Haýrullina çykyş edip, Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlady. Hünärmen çykyşynda Akdost atly alabaýa tälim bermek bilen bagly tejribesini paýlaşdy hem-de onuň asylly häsiýetleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň birnäçe ugurlar boýunça ýaryşlarda çempion bolmagy alabaýlaryň genetiki hem-de düşbülik taýdan örän güýçlüdigini görkezýär.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasyndan hususy itşynas An Jinlong çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak ugrundaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Itşynas tohumyň ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, onuň arassa ganlylygyny saklamagyň, baş sanyny köpeltmegiň meseleleri boýunça esasy ugurlaryň kesgitlenilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady.
Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatyndaky «Guardian dog» merkeziniň müdiri, hususy itşynas Ýekaterina Rekowski çykyş etdi. Ol sözüniň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Itşynas ýolbaşçylyk edýän merkezinde türkmen alabaýlarynyň saklanylýandygyny belläp, bu ugurda öz tejribesini paýlaşdy hem-de türkmen hünärmenleri bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan etdi.
Soňra assosiasiýanyň agzasy, Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň aw we ýabany tebigat bölüminiň professor lukmany Murat Kibar sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol çykyşynda bütin dünýäde türkmen alabaýlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny nygtap, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işine geljekde-de işjeň gatnaşmaga we türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady. Türkiýäniň wekili türkmen halkynyň taryhy mirasyny öwrenmek bilen bir hatarda, itşynaslygyň baý milli däplerini gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga, bu tohumy geljekde has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen assosiasiýanyň işine berilýän aýratyn üns üçin hoşallyk bildirdi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, hususy itşynaslaryň çykyşlarynda alabaýlaryň müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemrasy bolmak bilen, diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, batyrlygyň, çäksiz wepadarlygyň hem nusgasyny görkezendikleri bellenildi. Şoňa görä, ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeledi.
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde uly hyzmatlary bitiren itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik, sergiler we maslahatlar guralýar. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly esaslandyryldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu tohumyň arassalygyny saklamak, täze ugurlary döretmek, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ylmy-seçgiçilik işlerini alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Türkiýe Respublikasyndan «VetAssist» weterinariýa anyklaýyş we bejeriş merkeziniň müdiri Ahmet Gürhan Aýdynoglu we Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy boýunça hünärmeni Wei Huakai sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler.