Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
Çap edildi 05.11.2025
2412

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 10-njy sany okyjylar köpçüligine ýetirildi. Ýurdumyzda oktýabr aýynda bolup geçen esasy wakalar we olara türkmen ýaşlarynyň seslenmesi neşiriň täze sanynyň süňňüni düzýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşirleriniň ikisini okyjylar köpçüligine sowgat etmegi geçen aýyň iň esasy wakalarynyň biri boldy. Şeýle bolansoň, žurnal täze sanyndaky ilkinji makalasynda ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda täze sahypa öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary dogrusynda söhbet açylýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygy dörediji dialogyň kuwwaty» atly makalada bolsa belent bagtymyzyň gymmatyna üns çekilýär. Neşiriň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan makala bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanypdyr.

«Ulyny sylamak parz» atly makala gozgaýan meselesiniň möhümdigi bilen ünsi özüne çekýär. «Halk hakydasy bakydyr» atly çykyş bolsa Hatyra gününe bagyşlanypdyr. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýerleşdirilen täsirli çykyş «Wepalylygyň we gaýduwsyzlygyň nusgasy» diýlip atlandyrylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýakynlaşyp gelýän şanly 30 ýyllyk toýy neşirdäki çykyşlaryň aglabasynda öz beýanyny tapýar. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan makalada milli bilim ulgamynyň özboluşlylyklary beýanyny tapýar. Rus dilinde ýerleşdirilen çykyşda türkmen ýaşlarynyň milli gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyndan söz açylsa, başga bir makalada okyjylaryň ünsi ylym we tehnologiýa täzeliklerine çekilýär. Neşiriň ilkinji sanlaryndan bäri dowam etdirilip gelinýän ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy gözleglerine bagyşlanan makalalar tapgyry bu sanda hem täze ylmy açyşlar baradaky söhbetler bilen dowam etdirilýär.

Däp bolşy ýaly, neşir okyjylaryna ýaş döredijileriň täze şygyrlarynyň hem birnäçesini hödürleýär. Neşiriň täze sanyndaky «Sagat näçe?» atly makala okyjylary çynlakaý oýlanmaga iterýär. Täleýnama görä, noýabr aýynda özüňize garaşýan zatlar hakyndaky çaklamalary okamak hem gyzykly bolar. Şeýle-de, okyjylar Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň düzgünnamasy bilen tanyşdyrylýar.

Hemişe bolşy ýaly özüne çekiji dizaýn neşiriň döredijilik we tehniki toparynyň öz işine ýürekden ýapyşýandygyny görkezýär. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany türkmen ýaşlarynyň ýürek sesi bolup, dilden-dile geçer!

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow