Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
Jemgyýet
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
Çap edildi 16.11.2025
2980

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz 14-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olary zähmete we döredijilige höweslendirmegiň nusgalyk ulgamy döredildi. Häzirki döwürde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem işjeň gatnaşyjylardyr.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylan gününden bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Guramanyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak, olary has-da höweslendirmek boýunça degişli bäsleşigi yglan etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, sylaglanyş dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ondaky çykyşlarda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýändigi, hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň, şol sanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Watanymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçiligine has oňat düşünýän ýaşlar tarapyndan giňden goldanylýandygy bellenildi. Ýaş kalby buýsançdan we hyjuwdan doly türkmenistanlylaryň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň çekilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň Ýer ýüzünde abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar gezekli-gezegine sylagyny kabul etdiler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlardyr. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlar dialogynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow