Oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, daşary ýurtlardan getirilýän we dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artdyrylmagynyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen bagly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Asylly däbe görä, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde daýhanlaryň irginsiz zähmetini, türkmen topragynyň sahawatlylygyny dabaralandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şol sanda däneçiligi, bugdaýdan bol hasyl almagy ylmy esasda kämilleşdirmek meselesi aýratyn üns merkezinde saklanylýar. «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle-de halkara tejribä esaslanyp, ýurdumyzda tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýär. Seçgiçilik we tohumçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda bugdaýyň ýokary hasyllylygy we guşgursak däneleri bilen tapawutlanýan täze «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» atly sortlary ekildi. Seçgiçilik, tohumçylyk işini döwrebap derejede alyp barmak üçin ýurdumyzda, Däneçilik ylmy-barlag institutynda ylmy açyşlar üçin döredilen giň mümkinçilikler bugdaýyň täze sortlaryny ösdürip ýetişdirmäge şert döretdi. Türkmen halky ekerançylygyň ilkinji medeniýetini esaslandyranlaryň biridir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň hem-de bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň baý tejribesine daýanyp, bereketli galla hasylyny ýygnapdyr. Şu ýyl edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz azyk senagatyny ösdürmek, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. 31-nji oktýabrda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Mejlisde nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 128,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 254,9 göterim ýerine ýetirildi.
Oba ýerlerinde hojalygy ýöretmegiň täzeçil görnüşlerini kemala getirmek, dürli hojalyk subýektleri üçin bäsleşikli gurşawy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, pudagy, seçgiçilik işini ylmy esasda ösdürmek, täze tehnologiýalary, dolandyryşyň we bazaryň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Türkmen topragynda gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň hem gadymy we baý usullary bar. “Ak altyny” ösdürip ýetişdirmek, gaýtadan işlemek toplumy ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biridir. Şunda bu geljegi uly pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň iş şertlerinde netijeli ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Pagta Türkmenistanyň eksportynyň agramly bölegini eýelemek bilen, sazlaşykly ösýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Bu kärhanalar ýurdumyzyň hem-de dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglere laýyk gelýän önümleri öndürýärler. Şunuň bilen birlikde, ak pagtanyň ýumşak süýüminden diňe bir ýüplük, mata we lybas taýýarlanylman, ondan lukmançylyk pamygy, arassaçylyk we tehniki maksatly serişdeler hem öndürilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeler toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän syýasatynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ileri tutýan maksatlary hem-de wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary hem aýdyň tassyklaýar.
Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi köp babatda ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna baglydyr. Ýurdumyzda ekerançylyk ýerlerini suwarmak, gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde ägirt uly tejribe toplandy. Suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy, ykdysady taýdan amatly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Gurak howaly gurşawda oba hojalyk önümçiliginiň hut şu ugrunda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi öz oňyn netijesini berip, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berdi. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi Türkmenistanyň suw serişdelerini we daşky gurşawy aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmek işine uly goşant goşýandygynyň aýdyň görkezijileriniň biridir. Ekin meýdanlaryndan toplanan ýerasty suwlaryň öz wagtynda ýygnalmagyna, gaýtadan ulanylmagyna, ýerleriň şorlamagynyň öňüni almaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu iri taslama çöllük ýerleriň toprak-howa şertlerini kadalaşdyrmaga, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga ýardam edýär.
“Ýaşyl” ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara, köpasyrlyk milli ýörelgelere esaslanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ilatly ýerleriniň töwereginde ýaşyl zolaklary döretmek, ekin ýerleriň töwereginde goraýjy agaç nahallaryny oturtmak, daglyk ýerlerde arça, çöl ýerlerinde bolsa sazak tokaýlyklaryny dikeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmaklary bu asylly işe uly ekologik, jemgyýetçilik, watansöýüjilik we raýatlyk ähmiýetini berýär. Şu ýylyň 8-nji noýabrynda-da bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi badalga aldy.
Ata-babalarymyz bag ekmegi, bagy-bossanlygy döretmegi asylly iş hasaplapdyrlar. Olaryň parasatly göreldesine eýerip, häzirki wagtda Diýarymyzyň çar künjeginde täze bag nahallary ekilýär. Bu işler Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly goşantdyr. Ene topraga aýawly we jogapkärli çemeleşmek häsiýeti halkymyzyň milli aňyýetiniň çuňlugyndan, nesilden-nesle geçip gelýän baý ruhy tejribesinden gözbaş alýar. Bu asylly däp tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, şol sanda baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, tebigy baýlyklary, suw serişdelerini, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hem-de dikeltmek boýunça toplumlaýyn işleri öz içine alýar.
Bazaryň aýrylmaz bölegi bolan telekeçilik işini ösdürmek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmen telekeçileri dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp baryp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň gatnaşýarlar. Döwletimiziň azyk howpsuzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda ýola goýmak, oňa hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Onuň çäklerinde birnäçe çäreler bilen birlikde, Hususy pudagyň forumy hem guraldy. Türkmen telekeçileri foruma işjeň gatnaşyp, öz taslamalary, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar, özara tejribe alyşdylar. Bu forum ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ösdürmek, sebitde üstaşyr geçiriji merkez hökmünde döwletimiziň ornuny pugtalandyrmak bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi. Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň biri hökmünde diňe bir forumy guramak bilen çäklenmän, eýsem, toplan baý tejribesini, ösüş babatda garaýyşlaryny hem paýlaşdy, şeýle-de hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş bilen baglanyşykly meseleler forumyň aýratyn mazmunyny düzdi. Umumy pikire görä, hususy pudak “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, durnukly oba hojalyk usullaryny ornaşdyrmakda, howanyň üýtgemegine durnukly infrastrukturany ösdürmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly çözgütleri işläp taýýarlamakda işewürler jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aglabasynyň ykdysadyýetiniň oba hojalygyna baglydygyny göz öňünde tutup, takyk ekerançylyk, bazarlara çykyş platformalary we harytlary ibermegiň amatly ulgamlary ýaly sanly gurallary işläp taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle hem DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerine howanyň üýtgemeginiň ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmek maksady bilen, howa gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleri, irki duýduryş ulgamlaryny, durnukly oba hojalyk usullaryny ornaşdyrmak teklip edildi.
Türkmen telekeçileriniň işiniň diňe bir däp bolan ugurlar bilen çäklenmeýändigini nygtamak gerek. Durnukly ösüşe itergi berýän, şol sanda ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek we serişde tygşytlaýjy usullary ulanmak boýunça innowasion taslamalara maýa goýýan kompaniýalaryň sany barha artýar. Meselem, daýhanlar oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryndan, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryndan, ekerançylygyň organiki usullaryndan işjeň peýdalanýarlar. Munuň özi diňe bir hasyllylygy ýokarlandyrmaga däl, eýsem, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga hem mümkinçilik berýär. Senagat pudagynda ekologiýa menejmentiniň, galyndylaryň möçberini azaldýan ülňüleri ornaşdyrýan kärhanalaryň sany köpelýär.
Ýurdumyz oba hojalyk toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny berkitmek, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýan düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda oňyn tejribe toplady. Şu ýylyň martynda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli Karara gol çekmegi munuň aýdyň mysalydyr. Resminama laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge, bar bolan binalaryň durkuny täzelemäge, goşmaça binalary we desgalary gurmaga, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almaga ygtyýar berildi. Şeýle-de gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak, maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar etmek bellenildi.
Diýarymyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagynda ýyladyşhana hojalygy hem wajyp orny eýeleýär. Olar ýylyň ähli möwsüminde ilaty pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly ter önümleriň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün edýärler. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Oba hojalyk işewürliginde sitrus ekinlerini, şol sanda banan ösdürip ýetişdirmek ýörgünli häsiýete eýe bolýar.
Şeýlelikde, oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny, oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen, meýilnamalaýyn esasda hil taýdan täze sepgitlere ýetýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijesidir.