Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de sebit, sebitara we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Ýurdumyz dürli formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Goňşy döwletler bilen däp bolan gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halkyny we bu ýurtlaryň halklaryny kökleri taryha uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň üstünlikli alnyp barylýandygyny äşgär edýär.
Hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary ýaly formaty häzirki zaman şertlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi sebitiň diňe bir yklymdaky däl, eýsem, dünýä gatnaşyklaryndaky ornunyň barha artýandygy bilen hem şertlenendir. Birnäçe ýyl mundan ozal, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürüpdi. Geçen ýyllarda guralan bäştaraplaýyn duşuşyklar bu başlangyjyň netijelidigini subut etdi. Tejribäniň görkezişi ýaly, konsultatiw duşuşyklar sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we maksady barada bitewi garaýşyň döremegine, uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlemäge şert döredýär. Olar özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini jikme-jik maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga, teklipleri öňe sürmäge, ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
2021-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri we onuň çäklerinde guralan birnäçe iri halkara çäreler doganlyk goňşy ýurtlary hem-de olaryň halklaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga uly goşant boldy.
Ynanyşykly, netijeli dialog üçin açyk meýdança hökmünde özüni tanadan bu format häzirki wagtda gerimini barha giňeldýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Bitarap Watanymyzyň goňşy ýurtlar bilen ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli we köptaraply hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Şunda sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň möhümdigini mälim etdi. Munuň üçin Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek. Döwlet Baştutanymyz bu barada nygtamak bilen, döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz senagatda, obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem zerurdyr. Şunda ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerinde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy. Türkmenistan Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň açylmagyny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, sebitiň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
2026-njy ýylda ýurdumyz nobatdaky konsultatiw duşuşykda başlyklyk eder. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, başlyklygy kabul etmek bilen, Türkmenistan ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň täze formatda — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” görnüşinde geçiriljekdigi bellärliklidir. Daşkentde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy. Duşuşykdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Liderini Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlady.
Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç şu ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, konsultatiw duşuşyklar Merkezi Aziýada döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitara hyzmatdaşlygyň nusgalaryny kemala getirmäge oňyn täsir edýär, köp babatda yklym derejesinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin şertleri üpjün edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri we Azerbaýjan Respublikasy bilen BMG-niň, beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyz soňky döwürde täze ösüş häsiýetine eýe bolan “Merkezi Aziýa+” formatlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerinde başlangyçly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi”, “Merkezi Aziýa — Italiýa”, “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Russiýa”, “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” sammitlerine gatnaşmagy hem muny aýdyň tassyklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 17-nji noýabrda Daşkent şäherinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini bellemek gerek. Açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň baý many-mazmunly gün tertibi kemala getirildi. Netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Özara haryt dolanyşygy artdyrylyp, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklar çuňlaşdyrylýar. Şunda bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalaryna aýratyn üns çekildi.
Ulag-aragatnaşyk, energetika toplumy, şol sanda gaz pudagy we elektroenergetika, senagat toplumy, işewür düzümler boýunça gatnaşyklar, oba hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda açylan “Daşoguz — Şabat” söwda merkezine aýratyn orun degişlidir. Onuň açylyş dabarasyna iki döwletiň Baştutanlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy iki ýurduň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek resminamalaryň uly toplumy döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, netijeli häsiýetini, taraplaryň ony bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze derejelere çykarmakda özara tagalla edýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary sebit, sebitara derejede abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant boldy.