Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Çap edildi 04.12.2025
21

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onda şanly ýylda Türkmenistanyň syýasy we medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara, dünýäde üç gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklara bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnal ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň degişli Kararnamasy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň nyşany hem-de Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini beýan edýän suratlar bilen açylýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk döwlet berkararlygymyzy pugtalandyrýan, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary, onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän orny neşiriň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen makalada giňişleýin açylyp görkezilýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň anyk maksada gönükdirilen diplomatik tagallalary netijesinde halkara ykrarnama eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bu halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan mizemez ýörelgeleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işjeň ilerledýär. Şunda sanly we “ýaşyl” diplomatiýa, Durnukly ösüş maksatlaryna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna bagyşlanan makalada giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek ýaly asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Türkmenistan halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çalyşmak bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde ykrar edilmegine, daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, has durnukly, ynsanperwer halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar hakyndaky makala hem okyjylar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup biler. Bu hyzmatdaşlygyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň şygaryna bagyşlanan makalada bu barada giňişleýin söhbet edilýär. Onda hemişelik Bitaraplygyň şanly ýylynyň milliligiň, sazlaşyga we özara hormata esaslanýan bitewüligiň dabaralanmasyna, geljek üçin garaýyşlaryň täzelenmesine öwrülendigi nygtalýar.

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty şu ýylyň möhüm halkara wakalarynyň biri boldy. Maslahatyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan makalada DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilen köp sanly çäreleri özünde jemlän iri forumyň diňe bir diplomatik ara alyp maslahatlaşma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ylma esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlary işläp taýýarlamak, bu babatda syýasy tagallalary birleşdirmek üçin hem uly ähmiýete eýe bolandygy bellenilýär. Ýokary derejeli maslahat Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi, Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen jemlendi.

“Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen hyzmatdaşlygy” hem-de “Türkmenistanyň we YHG-a agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk: sebit gatnaşyklarynyň we durnukly ösüşiň nusgasy” atly makalalarda sebitiň 10 döwletini agza hökmünde özüne birleşdirýän abraýly halkara düzümiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada söz açylýar. Ýurdumyz gurama 1992-nji ýylda agza boldy. Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň bu düzüme agza döwletler — Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösüşine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir. Goňşy we sebit döwletleri bilen özara hormata, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Muňa bu döwletleriň Baştutanlarynyň özara saparlarynyň yzygiderli häsiýetiniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän ornuna bagyşlanan makalada öňüni alyş diplomatiýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyna üns çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi suw serişdelerini dolandyrmak, parahatçylygy üpjün etmek ýaly meseleleriň sebitleýin dialogy üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň energetika, ulag, suw diplomatiýasynyň aýratynlyklary baradaky makalalar okyjylara bu ugurlar boýunça giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berer. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty iki esasy şert bilen — ägirt uly uglewodorod gorlary hem-de resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan tarapyndan geljegi uly, iri möçberli ulag we infrastruktura taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şol sanda portlaryň, demir ýollaryň, ýokary geçirijilikli awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir içerki ulag arabaglanyşygyny gowulandyrman, eýsem, sebitiň we dünýäniň söwda gatnaşyklarynyň ösüş depginini hem düýpli özgertdi. Suw diplomatiýasyny daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde suw serişdeleri boýunça ählumumy maslahatlaşmalara esasy gatnaşyjylaryň birine öwrüldi. Döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda kabul eden ýurtlaryň biri bolmak bilen, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we rejeli ulanmak boýunça başlangyçlary öňe sürýär.

“Arkadag şäheri: arzuwlaryň hasyl bolmagy, Türkmenistanda geljegiň şäheriniň ösüşi” atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Onda nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň döredijilikli zähmetiniň nyşany bolan Arkadag şäheri ösüşiň we döwrebaplygyň nyşanydyr. Onuň gurluşyk taslamasyndan başlap, häzirki kemala gelen ýagdaýyna çenli ähli zat Diýarymyzyň durnukly ösüşe, tehnologik öňegidişlige we medeni mirasa ygrarlydygyny görkezýär. Durmuş nukdaýnazaryndan, Arkadag şäheri ýaşaýjylara ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, edara düzümleri bolan, jemgyýetçilik hyzmatlary iň soňky gazanylanlara daýanýan sanly jemgyýeti döretmek başlangyjy esasynda gurlandyr.

“Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşe tarap ýoly” atly makalada bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň möhüm ulag geçelgeleriniň kesişýän ýerinde strategik taýdan amatly ýerleşýän, baý tebigy serişdeleri we gadymdan gelýän medeni mirasy bolan Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanyp, öňden gelýän däpleriň we innowasiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän ösüş nusgasyna eýerdi. Netijede, Türkmenistanda ykdysady ösüş bitaraplyk, diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly gülläp ösüş ýörelgeleriniň esasynda kemala gelýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy we ösüşi onuň aýrylmaz bölegidir. Bilime, saglygy goraýşa, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlary gönükdirmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir.

“ECO Heritage” žurnalynyň ýörite sanynda halkymyzyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky makalalara hem orun berlipdir. “Türkmenistanyň medeniýeti: mirasy, özboluşlylygy we döwrebap ösüşi” atly makalada nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň medeni mirasy çuň taryhy köklere eýedir. Ol ýurduň milli özboluşlylygynyň we häzirki ösüş meýilleriniň esasynda ösmegini dowam etdirýär. Özboluşly edebiýaty, sungaty, däp-dessurlary bilen türkmen medeniýeti islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Neşir halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylarynyň biri bolan, häzirki döwürde toý-baýramlaryň bezegine öwrülen ahalteke atlarynyň geçen şöhratly ýoluna, tapawutly aýratynlyklaryna bagyşlanan makala bilen jemlenýär. Ahalteke bedewi — bu diňe bir tebigatyň döreden täsinligi bolman, türkmen ruhunyň janly ýüze çykmasydyr. Onuň ýalkym saçýan beden gurluşy, gaýtalanmajak çydamlylygy we berdaşly keşbi durnuklylygyň nyşanydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda bedew goç ýigitleriň gardaşy, erkanalygyň we gözelligiň janly nusgasy hökmünde şahyrlara ylham berip gelipdir. Ahalteke bedewi häzirki döwürde dünýä ähmiýetli milli gymmatlyk hasaplanýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty gurama agza döwletleriň medeni gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna ýardam edýän ýöriteleşdirilen edaradyr. Bu ýurtlaryň baý medeniýeti bilen tanyşdyrýan, medeni mirasyň goralyp saklanylmagy, ilerledilmegi baradaky garaýyşlary beýan edýän “ECO Heritage” žurnaly bolsa guramanyň çäklerindäki we onuň daşyndaky okyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Žurnalyň ýörite sanynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň we oňyn Bitaraplygynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

***

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine bagyşlady. Bu neşir Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýandygyny äşgär edýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

Žurnalyň girişinde ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna giňişleýin düşündiriş berýän makala ýerleşdirilipdir. Onda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň diplomatiýasy öz halkynyň gymmatlyklary, özboluşlylygy we taryhy aňyýeti bilen çuňňur baglanyşyklydyr. Ýurduň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýoly asyrlaryň dowamynda türkmen döwletliligini kemala getiren siwilizasion ýörelgeleri şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasy ugur däl-de, eýsem, milletiň taryhy ýolunyň iň ýokary şöhlelenmesi, deňhukuklylyga, garaşsyzlyga we parahat ýaşaýşa gönükdirilen ýörelge hökmünde hem kabul edilýär.

Neşirde Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara giňişlige çykan wagtyndan bäri daşary syýasatynda üç esasy ýörelgäni — milli bähbitlere berk daýanmagy, gadymdan gelýän mirasa ygrarlylygy we halkara diplomatiýasyna döredijilikli çemeleşmegi ugur edinendigi bellenilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň esasyny düzýär. «Bu doktrina parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy we döwletleriň sazlaşykly ýaşamagyny wagyz edýär. Türkmen halky üçin Bitaraplyk asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy we ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýan, myhmansöýerligi, dost-doganlygy, durnuklylygy we agzybirligi nygtaýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygy ýurduň ählumumy parahatçylygy berkitmäge we durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryny öňe sürmegi üçin mümkinçilikleri döredýän işjeň diplomatik gurala öwrüldi» diýip, awtor nygtaýar.

Neşirde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makala aýratyn orun berlipdir. Onda bu maslahatyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilendigi, onuň ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada bu maslahatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekilýär.

«Business Сentral Asia» halkara žurnalynda Türkmenistanyň şu ýylyň dowamynda gatnaşan sammitlerine we olaryň dowamynda beýan edilen başlangyçlara bagyşlanan makala aýratyn üns çekilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite, 30-njy maýda «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitine, 17-nji iýunda “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine, 1-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine, 9-10-njy oktýabrda “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine, 7-nji noýabrda bolsa «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. Bu köptaraply hyzmatdaşlyk formatlarynda eden çykyşlarynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň garaýyşlaryny, durmuşa geçirýän başlangyçlaryny hem-de uzak möhletleýin ösüşe gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Makalada 22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň, Gahryman Arkadagymyzyň 7-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynda guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagynyň sebitde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýeti, bu ugurda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän başlangyçlarynyň nusgalyk häsiýeti bellenilýär.

Neşirde «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisi barada hem durlup geçilýär. Nygtalyşy ýaly, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde bu köptaraply dialogyň mejlisine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy. Bu mowzuga bagyşlanan ýörite makalada Türkmenistanyň degişli formatda eýeleýän ornuna we alnyp barylýan hyzmatdaşlyga üns çekilýär.

Dünýäde ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan aýry-aýry ýurtlar bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen hem özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Žurnalda «Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşdy» atly makala ýerleşdirilipdir. Munuň özi Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. «Döwlet Baştutany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň daşary syýasatda ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi hem-de möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi. Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar» diýlip, makalada bellenilýär. Şeýle-de onda Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň hem-de ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti barada söz açylýar.

Türkmenistanda geçirilen iri syýasy çärelere, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahata bagyşlanan makalalar hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Olarda bu iri forumlaryň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmekde, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny barada giňişleýin maglumat berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde geçirilen dabaraly mejlisde çykyş edip, sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýetini belledi. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Ol tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä, žurnalda bu waka bagyşlanan makala aýratyn orun berlipdir.

Neşirde Türkmenistanyň ykdysady özgertmelerini beýan edýän makala-da ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, maýa goýumlar üçin döredilen oňyn şertler daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly, sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna we durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.

«Business Сentral Asia» halkara žurnalynyň nobatdaky sany Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyna bagyşlanan makala bilen jemlenýär. Onda häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagyň, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýap saklamagyň Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenilýär hem-de bu ugurda gazanylan üstünliklere üns çekilýär.

***

Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.

Şu ýylyň martynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda duşuşyk geçirildi. Žurnalyň baş sahypasynda şol duşuşykdan pursat hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şöhlelendirilipdir. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklara täze itergi bermekde, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara alyp, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda täze sahypany açdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini nygtady. Saparyň dowamyndaky gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Žurnalda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşy baradaky makala ýerleşdirilipdir. Onda nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. Ýurdumyz tutuş adamzada dahylly bolan, ýüze çykýan syýasy we beýleki meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagynda halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bu ugurdaky tagallalar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG-niň Kararnamalary bilen yzygiderli berkidilmegi munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr.

Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty köp sanly ýurtlardan ýokary derejeli wekilleri bir ýere jemlän möhüm waka boldy. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda geçirilen duşuşykda bu maslahatyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berildi we şeýle giň gerimli forumyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň güwäsidigi nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy. “Türkmenistan — Gruziýa: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk we däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk” atly makalada bu baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Neşirde oktýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetine hem üns çekilýär. Onda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge, ählumumy ykdysady, ulag we energetika baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi, şunda Hazar we Gara deňizleriniň ekoulgamyny goramak boýunça halkara platformany döretmekde tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.

Umuman, žurnal Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Soňky habarlar
04.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
04.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow