Baş sahypa
\
Resmi
\
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 07.12.2025
61

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün berkarar Watanymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli taryhy waka bolup, ýaş türkmen döwletiniň uzak geljege gönükdirilen daşary syýasat ugruny kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy baradaky taryhy Kararnamany kabul etdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrüldi. Bu gün Ýer ýüzüniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýär.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň milli baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Berkarar döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urmagynyň, mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly kepilidir. Şoňa görä-de, şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyz parahatçylyk söýüji, hoşniýetli syýasaty baýdak edinip, özüni dünýä giňden tanadan we gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanmaga doly haklydyr.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz gysga taryhy döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen gülläp ösýän, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Hojagulyýewiç Atagulyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Hojamuradowna Seýidowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi,

* * *

Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy,

Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Sahyýewna Mämmedowany,

Ahal welaýatynyň häkimi Toýguly Täçmyradowiç Nurmyradowy,

Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowy,

Daşoguz welaýatynyň häkimi Döwletgeldi Seýidowiç Babaýewi,

Lebap welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýewi,

Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi,

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewi,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Gadyrgulyýewiç Annamyradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Nuryýewiç Orazowy,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Mämijikowiç Nuryýewi,

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowany,

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulowy,

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Muhammetseýit Babaýewiç Sylapowy,

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýewi,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Öwezgulyýewiç Mälikowy,

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Muhammetguly Hojagulyýewiç Hojagulyýewi,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedowy,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Guwanç Halberdiýewiç Nurmuhammedowy,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Meýlisgeldi Çarygeldiýewiç Hajyýewi,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Sahymyrat Abdyrahmanowiç Aganiýazowy,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowiç Jepbarowy,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy Döwletmämmet Ýazmämmedowiç Seýidowy,

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjowy,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Myratgeldi Jepbarowiç Jepbarowy,

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Begenç Seýdillaýewiç Atagulyýewi,

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Serdar Hojanazarowiç Gurbandurdyýewi,

Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Welinazarowiç Agajanowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi,

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýewi,

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Allanurowiç Nurowy,

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Baýramdurdyýewiç Saparowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewi,

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimowy,

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy,

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi,

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Hallyýewiç Şanazarowy,

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi,

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewi,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýewi,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýewi,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazowy,

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Halnazarowiç Agahanowy,

Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Nurmuhammet Baýramberdiýewiç Orazgeldiýewi,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Mergen Meretdurdyýewiç Gurdowy,

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýewi,

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Akmyradowiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Orazmämmedowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy Gülälek Amanowna Hanberdiýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowy,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Öweznepesowiç Serdarowy,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Saparmyrat Esenowiç Owganowy,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewany,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Nurpoladowiç Keriýewi,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy Maral Almazowna Açilowany,

Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Maýsa Atamyradowna Saryýewany,

Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Agamyradowiç Hojagulyýewi,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedowy,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Altyýewna Myratnazarowany,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanowy,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewany,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Allaberdi Kakabaýewiç Gapurowy,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilowy,

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory Döwlet Tuganowiç Ýolowy,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Aknabat Orazmyradowna Atabaýewany,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Begençewiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Geldiýewna Ýusupowany,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory Muhammetrahym Öwezmuhammedowiç Öwezowy,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Gurbangeldi Allaýarowiç Muhammedowy,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory Nurnepes Annaýewiç Kuliýewi,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory Serdar Goçakowiç Nazarowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Ýagmyrowiç Nuwwaýewi,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Rasul Hangeldiýewiç Amangeldiýewi,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewi,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrowy,

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Meýlis Baýrammyradowiç Rejepowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Amanjanowiç Gazakbaýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy Orazdurdy Geldinyýazowiç Hojanazarowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy Gülnara Muhammedowna Çaryýewany,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň başlygy Kerwen Bäşimyradowiç Aýdogdyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy Gurbandurdy Jumaberdiýewiç Begenjowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy Suhanberdi Rejepdurdyýewiç Begenjowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy Saparguly Muhammetgurbanowiç Öwezberdiýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy Pälwan Çaryýewiç Kakabaýewi,

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Abdurahmanowiç Rejepowy,

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory Maýýa Ahmedowna Alimowany,

«Watan» gazetiniň baş redaktory Tawus Baýramowna Kakaýewany,

«Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojageldiýewiç Hojaberdiýewi,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Annamyradowna Allaberdiýewany,

«Aşgabat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Paltaýewiç Mämmedowy,

«Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory Söhbet Rejepnurowiç Nurberdiýewi,

«Adalat» gazetiniň baş redaktory Maksat Muhammetsytdyhowiç Nuryýewi,

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Ataýewiç Myradowy,

«Esger» gazetiniň baş redaktory Serdar Haýytjanowiç Myradowy,

«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi,

«Arkadag» gazetiniň baş redaktory Guwanç Orazgeldiýewiç Mämiýewi,

«Garagum» žurnalynyň baş redaktory Soltaniýaz Derkarowiç Şaýymowy,

«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Aýdogdyýewna Taýjykowany,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory Jemal Nuryýewna Toryýewany,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Meret ogly Gylyjowy,

«Güneş» žurnalynyň baş redaktory Gülälek Hudaýberdiýewna Babaýewany,

* * *

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowany,

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazowy,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi,

Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewi,

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Astana şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Durdymuratowiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gutlyýewiç Gölliýewi,

Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowy,

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämet Elýasowy,

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Öweznepesowiç Meredowy,

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradowy,

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky (London şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazmyrat Nurniýazowiç Serýaýewi,

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowy,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimurat Rejepowy,

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy,

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy,

Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Akmämmedowiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi,

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy,

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Orazmyradowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy,

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramowy,

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki (Doha şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Ballyýewiç Seýitmämmedowy,

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy,

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy,

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Nurlyýewiç Möwlamowy,

Türkmenistanyň Owganystandaky (Kabul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Sapargeldyýewiç Öwezowy,

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy,

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly Guwançmyrat Öwezmämmedowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Owezgeldi Arazmuhammedowiç Jumanazarowy,

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly Yhlasgeldi Jumageldiýewiç Amanowy,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Güýç Arçaýewiç Garaýewi,

Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsuly Bazarbaý Arazmetowiç Kabaýewi,

Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly Batyr Jumaýewiç Ýolowy,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly Gadam Jumanepesowiç Ilamanowy,

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly Meretdurdy Baýmyradowiç Abdyllaýewi,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Ýagmyrbaýewiç Özbekbaýewi,

* * *

«Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowany,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewi,

* * *

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry.

Soňky habarlar
07.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
07.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow