Baş sahypa
\
Resmi
\
Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Resmi
Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Çap edildi 12.12.2025
2568

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy berkitmekde, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda we wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

şu daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglamaly:

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulgamynda okkupirlenen Palestina çäginde Diwaryň gurluşygy sebäpli ýetirilen zyýanlary hasaba alyş edarasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Wladimir Iwanowiç Gorýaýewi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzäni,

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony,

Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýony,

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiakini,

«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy,

«Buig» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Martin Buigi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukman doktor Maýsner Ýohan Engelberti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Ortopediýa, fiziki medisina we reabilitasiýa klinikasynyň (Grosshadern kampusy) bölüm ýolbaşçysy doktor Ýanson Folkmary,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň 4-nji lukmançylyk klinikasynyň we poliklinikasynyň (Grosshadern kampusy) direktorynyň orunbasary doktor Parhofer Klaus Georgy,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany doktor Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgangy,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Dermatologiýa estetikasy we deriniň howply çişleriniň öňüni alyş klinikasynyň lukmany doktor Hoýserman-Mangold Lizl Dorisi.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
top-arrow