Baş sahypa
\
Resmi
\
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 12.12.2025
1861

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün berkarar Watanymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli taryhy waka bolup, türkmen döwletiniň uzak geljege gönükdirilen daşary syýasat ugruny kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy baradaky taryhy Kararnamany kabul etdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrüldi. Bu gün Ýer ýüzüniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýär.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň milli baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Berkarar döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urmagynyň, mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly kepilidir. Şoňa görä-de, şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyz parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli syýasaty baýdak edinip, özüni dünýä giňden tanadan we gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanmaga doly haklydyr. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz gysga taryhy döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen gülläp ösýän, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýewi,

Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Meretgeldi Gulgeldiýewi,

«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alypbaryjy inženeri Kakajan Täşliýewi,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Aýlyýewi,

«Balkan welaýatynyň baş metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýazmyrat Atamyradowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Toýly Kurbanmetowy,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrowy,

«Lebap welaýat baş metjidi» dini guramasynyň baş ymamy Ereş Babajanowiç Talipowy,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarowy,

Mary welaýatynyň «Gurbanguly hajy» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýewi.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
29.03
Ses bermek dowam edýär
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow