Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgelerini esaslandyryp, ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ösüşine gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, Watanymyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk, durnukly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmäge, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça halkara başlangyçlary, dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamak däplerini pugtalandyrmak işinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy öňe sürmäge hem-de amala aşyrmaga, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny esaslandyrmaga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyna ýolbaşçylyk edip, köp sanly halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda berýän gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, şeýle-de halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Вitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabry.