Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
Teswirlemeler
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
Çap edildi 24.12.2025
41

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna täze sahypany ýazýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz toplanan tejribäni, häzirki şertleri we uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli dialogy yzygiderli ösdürýär. 2025-nji ýylyň wakalary hem-de jemleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam bermäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze many-mazmuna eýe bolup, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady has-da pugtalandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Monako Knýazlygyna hem-de Fransiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylyp, taraplaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýär we onuň halkara başlangyçlaryny goldaýar. Ýeliseý köşgündäki duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda däp bolan gatnaşyklara-da täze itergi berildi. 24-25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Taraplaryň syýasy dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri Rim şäherinde döwlet Baştutanymyzyň we Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň saparyň çäklerinde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmagy ony ýokary ähmiýetli çärä öwürdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Rim şäheriniň Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sergide görkezilen gymmatlyklaryň hataryna türkmen we italýan arheologlarynyň bilelikdäki gözlegleriniň dowamynda ýüze çykarylan täsin tapyndylar hem girizildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmeginde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köptaraply hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Şunda Ýaponiýa bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. 2025-nji ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Günüň dogýan ýurduna amala aşyran sapary däp bolan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry açdy. Onuň çäklerinde Osaka we Tokio şäherlerinde dürli çärelerdir duşuşyklar geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Osakada geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy saparyň giň möçberli maksatnamasynyň çäklerinde ilkinji wakalaryň biri boldy. Watanymyzyň ýeten sepgitleri, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk babatda bar bolan mümkinçilikleri hem-de halkymyzyň baý taryhy, medeniýeti bilen giňişleýin tanyşmak üçin şert döreden Türkmenistanyň milli pawilýony Bütindünýä sergisine gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen 15-nji aprelde geçiren duşuşygynyň esasy mazmunyny düzdi. Şeýle hem şol gün Tokioda döwlet Baştutanymyzyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Ýaponiýa saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy hem-de Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň iýun aýynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrandygyny nygtamak gerek.

Goňşy ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlary sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyklaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlarda işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň giň goldawyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurtlara saparynyň çäklerinde Türküstan, Çolpon-Ata hem-de Samarkant şäherleriniň taryhy-medeni ýerlerine baryp gördi.

Däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, ählumumy durnuklylygy, sebitde özara ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda Özbegistan Respublikasyna we Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparlary Türkmenistanyň ýakyn goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Daşkent we Astana şäherlerinde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň baý mazmunly gün tertibiniň kemala getirilendigi bellenildi. Özara haryt dolanyşygy oňyn ösüşe eýedir. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag-logistika ulgamlary boýunça diwersifikasiýalaşdyrylan ugurdaş düzümleri giňeltmek ýaly strategik ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikler bar. Önümçilik toplumy, senagat kooperasiýasy, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklar, oba we suw hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak türkmen-özbek hem-de türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Häzirki zaman şertlerinde sanly ösüş, innowasiýalary we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Geçirilen gepleşiklerde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk babatda özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns çekildi.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda “Daşoguz — Şabat” söwda merkeziniň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginde, özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk”, Gazagystan Respublikasynyň «Altyn Kyran» ordenleri bilen sylaglanylmagy ýurtlarymyzyň doganlyk halklaryny köp asyrlara uzaýan berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Azerbaýjan bilen däp bolan hyzmatdaşlyk goňşy döwletler, şol sanda Hazarýaka ýurtlary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iýul aýynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Baku şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen gepleşiklerde taraplaryň syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde ulanmaga, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şunda berk taryhy binýat, halklarymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy we ýakynlygy möhüm şertler bolup çykyş edýär.

Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary, şol sanda parlament diplomatiýasyny pugtalandyrmak meseleleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen bolan netijeli pikir alyşmalarynyň esasy mazmunyny düzdi.

Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, iki doganlyk halkyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem häzirki şertlerde özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň köprüsi, ýurtlardyr halklaryň arasynda parahatçylygy, ylalaşygy berkitmegiň möhüm şerti bolup biljek din wekilleriniň özara gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Bar bolan uly kuwwatlyklar syýahatçylyk we şypahana ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu mesele Milli Liderimiziň «Sea Breeze» dynç alyş toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde uly gyzyklanma eýe boldy. Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz Fizuli we Şuşa şäherlerinde bolup, olaryň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler, bu şäherleri ösdürmegiň taslamalary we gurluşyk desgalary bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda baý milli mirasymyzy gorap saklamak, giňden wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylyp, şähergurluşyk ulgamynda uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulgamyň düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, onuň işine öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Munuň özi degişli ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de özara tejribe alyşmak üçin amatly mümkinçilikleri açýar.

Günorta Kawkaz ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde Gruziýa bilen döwletara dialoga hil taýdan täze itergi berlendigini bellemek gerek. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi 2025-nji ýylyň martynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda Owganystan bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurtlarymyzyň halklaryny ozaldan gelýän dost-doganlyk, özara hormat goýmak däpleri, medeni-ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Ýakyn goňşusy hökmünde Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň dikeldilmegine, onuň dünýäniň häzirki zaman hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyna uly ähmiýet berip, şu maksatlara gönükdirilen iri gurluşyk taslamalaryny öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk we ulag düzümleriniň çekilmegini, hususan-da, demir ýol ulgamyna degişli desgalary görkezmek bolar.

20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine ak pata berdi. 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda TOPH taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy olaryň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşe we diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş sebitiň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, TOPH taslamasy diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nyşany, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, sebit dialogynyň we umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen özboluşly köprüdir.

Ýurdumyzyň hyzmatdaş döwletler bilen BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, “Merkezi Aziýa +” ýaly köptaraply hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtamak gerek.

Netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özüni ykrar etdiren Türkmenistan giň gerimli wekilçilikli forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha belende galýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçirilendigini bellemek möhümdir. Dünýäniň dürli döwletlerinden we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri bir ýere jemlän bu forumlar sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli gepleşikler meýdançalaryna öwrüldi.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary parahatçylyk döretmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýän, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
24.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
23.12
Türkmenistan — BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyryp
22.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22.12
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
22.12
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde
21.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitindäki ÇYKYŞY
20.12
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
20.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
top-arrow