Baş sahypa
\
Resmi
\
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 25.12.2025
4428

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni Baýram Hudaýberdiýewiç Rahimgulyýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw-barlaghana bölüminiň lukmançylyk ugry boýunça nemes dili mugallymy Maýa Annaýewna Aşyrowany,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň başlygy Altyn Kakajanowna Mommadowany,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň birinji sekretary Döwlet Bahtiýarowiç Çotbaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow