Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
Jemgyýet
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
Çap edildi 26.12.2025
43

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Watanymyzyň geljegi bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary bilen başlandy.

Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Bu bolsa halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden döwletlilik ýörelgeleriniň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine yzygiderli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Şu günki belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dowam eden dabara hem ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşine, olaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryna gönükdirilen işleriň netijesi hökmünde kabul edildi.

Çagalaryň Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikdäki şatlykly çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi. Çagalary goldamak we höweslendirmek, olary nurana geljegi nazarlaýan ýagşy işlere ugrukdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli çagalara toý sowgatlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bagtyýar zamanada halkymyzyň köpasyrlyk däplerine eýerilip, haýyr işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine ägirt uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara giňişlikde ykrar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada bolsa şol syýasatyň özenini düzýär. Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda geçirilen çäreler ýatda galyjy wakalara beslendi. Şu günler bolsa täze ýyly mynasyp garşylamaga gönükdirilen çäreler dowam edýär. Şunda çagalaryň ukyplaryny açyp görkezmek, olary täze ugurlara höweslendirmek meselelerine döwlet derejesinde möhüm üns berilýär. Bu bolsa olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Maslahat köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda parahatçylyk we rowaçlyk baradaky päk arzuwlara uly orun berildi. Dabara gatnaşan ene-atalar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Bitarap Watanymyzyň çagalaryň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri hem-de parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu bolsa ýurdumyzda haýyr işleriň dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň mynasyp terbiýelenmegi, bilim almagy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu ulgamda Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy ýakymly pursatlara beslendi. Bagtyýar çagalar sowgatlary uly buýsanç we çuňňur hoşallyk bilen kabul etdiler. Munuň özi ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda edilýän tagallalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Baýramçylyk mynasybetli sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanylmagy asylly işleriň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Baýramçylyk sowgatlaryny kabul eden çagalar hoş owazly aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.12
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
24.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
23.12
Türkmenistan — BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyryp
top-arrow